Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Wenanyň günbatary diýen ýaly zat ýok"


Maýkl Haltzel Waşingtondaky Jon Hopkins uniwersitetiniň akademigi. Ol şu hepde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Warşawada geçirýän «Ynsan ölçegleri» seminaryna gatnaşýan amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Doktor Haltzel Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahto Lobýakasa interwýu berdi.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-niň indiki gezekli başlygy bolan Gazagystanda azat we adalatly saýlawlar geçirilmedi. Munuň üstesine bu ýurt prezidentiň ömürlik bolmagy üçin kanun taýýarlaýar, adam hukuklary yzygiderli bozulýar. Şeýle döwletiň götergilenmegi ÝHHG-ä nähili täsir eder?

Maýkl Haltzel: Bu bir synag. Men muny şu gün öz açyş beýanatymda hem ýaňzytdym. Muny at tutmazdan, beýleki çykyş edenler hem ýaňzytdylar. Gazagystanyň wekili öz açyş sözüni aýdanda, ol ýerde sessiz protest boldy. Sebäbi adam hukuklaryny goraýjy Ýewgeniý Žowtis türmä basyldy.

Bu jenaýat işi adam ölümine getiren ýol hadysasy bilen bagly, oňa nähili daraljagy barada alada edilýär. Onsoň adamlar munuň olar üçin hakyky synagdygyna düşünýärler we Gazagystan bu mümkinçiligiň derejesine göterilip biler diýip, umyt edýärler.

Azatlyk Radiosy: Gazak resmileri biraz öň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna «Aziýa gymmatlyklarynyň» hem siňdirilmegi gerek diýdiler. Siz bu şeýle bolmaly diýip, pikir edýärsiňizmi?

M.Haltzel: Ýok. Men dünýäniň ähli halklary adamzat gymmatlyklaryna, adam hukuklaryna şol bir bag bilen baglangy diýip pikir edýärin. Men demirgazyk amerikalylar, ýewropalylar we merkezi aziýalylar şindem adaty raýat söz azatlygyny, ýygnanyşmak azatlygyny, gynalmakdan azat bolmagy, ÝHHG tarapyndan öňe sürülýän ähli beýleki gymmatlyklary isleýär diýip, pikir edýärin.

Onsoňam ýatdan çykarmaň, ÝHHG-däki ähli ýurtlar, oňa girýän döwletleriň 56-sy hem bu düzgünlere gol çekdi. ÝHHG dünýäde 900 milliona golaý adamy öz içine alýan iň uly regional gurama bolup durýar. Bu kimdir biriniň boýnuna zor bilen dakylan zat däl. Hökümet gol çekdimi – bu onuň formal wadasy bolýar, bu boýna dakylan zadam däl, geografiýa bilen bagly zadam. Bärde Wenanyň gündogary, Wenanyň günbatary diýen ýaly zat ýok.

Azatlyk Radiosy: Bu gymmatlyklara hemmeleriň eýermegine we olaryň durmuşa geçirilmegine kim basyş etmeli?

M.Haltzel: Bu meýletin maşk. Bu ýerde dünýä hökümeti ýok, ÝHHG ýa-da BMG, ýa bolmasa, başga bir gurama bu gymmatlyklara eýerilmegine mejbur etmeli güýçler däl. Emma bu ýerde ynsan ölçegleriniň berjaý edilmegi baradaky ýygnak ýaly pikir alyşmalar hökümetlere täsir eder diýip, umyt edilýär. Ýöne bu ýerde dünýä hökümeti ýok. Beýle zat bärde düýpden ýok. Men geçen döwürde adamlaryň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy üýtgedi, özgerdi diýip pikir edýärin, bu geljekde hem şeýle bolar. Diňe Gazagystan däl, bu meselelerde hiç bir hökümet kemçiliksiz däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar ýaly güýçler Merkezi Aziýadaky ýaly kyn režimler bilen gatnaşsa gowumy ýa-da olar beýle režimlere garşy köpräk sanksiýa girizmelimi?

M.Haltzel: Men hemişe gatnaşmagyň tarapdary. Meniňçe, eger biz diňe öz gowy görýän dostlarymyz bilen gürleşsek, bu näme boldugy bolar. Biz gatnaşmaly, şeýdip, biz gatnaşygyň gerimini giňeldip bileris we islendik derejedäki işe hötde geleris. Emma biz öz ylalaşmaýan adamlarymyz bilen gürleşmesek, biziň oňuşmazlyklarymyz dowam eder. Şu sebäpden men doly gatnaşygyň tarapynda.
XS
SM
MD
LG