Sepleriň elýeterliligi

Türki dilli ýurtlaryň wekilleri jemlenişdi


Gysgaça ady TÜRKPA bolan türki dilde gepleşýän ýurtlaryń parlamentar assambleýasy Azerbeýjanyń paýtagty Bakuda jemlenişdi.

Gysgaça ady TÜRKPA bolan türki dilde gepleşýän ýurtlaryń parlamentar assambleýasy Azerbeýjanyń paýtagty Bakuda jemlenişdi.

Gysgaça ady TÜRKPA bolan türki dilde gepleşýän ýurtlaryń parlamentar assambleýasy Azerbeýjanyń paýtagty Bakuda jemlenişdi - diýip, Türkiýäniň TRT telekanaly 28-nji sentýabrda habar berdi.

Mejlis başlyklarynyń gatnaşmagynda geçirilen ýygnaga Türkiýäniń adyndan Mejlisiń başlygy Mehmet Ali Şahin gatnaşdy. Doganlyk ýurtlaryń arasyndaky diliń, taryhyń we hyzmatdaşlygyń ösdürilmegini maksat edinýän ýygnaga Türkiýe bilen birlikde Azerbeýjandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan wekiller gatnaşdy.

Geńeşiń ýygnagyna gatnaşan mejlis başlyklary 29-njy sentýabrda TÜRKPA-nyń Baş Assambleýasynyń ýygnagyna gatnaşdy.

Gazagystanyń Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiń 2006-njy ýylda Antaliýada geçirilen türki dilde gepleýän ýurtlaryń liderleriniň sammitinde hödürlän teklibi bilen bu Assambleýa döredildi.

Baş Assambleýa bilen baglanyşykly şertnama geçen ýylyń noýabr aýynda Stambulda Türkiýe, Azerbeýjan, Gyrgyzystan we Gazagystan tarapyndan gol çekişilipdi.

Azatlyk Radiosynyň Bakudaky habarçysy Ilgar Resulowyň aýtmagyna göra, türk dilli döwletleriň parlamentar assambleýasynyň ilkinji plenar maslahaty Azerbeýjanyň Milli mejlisiniň zalynda geçirildi. Onda assambleýanyň Baş sekretaryny we onuň orunbasarlaryny bellemek hakynda pikir alşylypdyr.

Agzalar we potensial agzalar

Maslahata Türkiýäniň, Äzerbeýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň parlamentleriniň spikerleri gatnaşyp, çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türki dilli döwletleriň ylmy, medeni, sosial, ykdysady we howpsuzlyk babatyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hakynda durup geçip, parlament assambleýasynyň bu ugurda hereket etmelidigini öňe sürdüler.

Maslahata Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşmadylar. Sammitda çykyş eden parlamentiň başlyklary Türkmenistanyň we Özbegistanyň-da bu topara agza edilip alynmagyny teklip etdiler.

Şeýle-de beýleki türki dilli halkalara, şol sanda Orsýet federasiýasynda ýaşaýan türki dilli respubliklar bolan Tatarystana-da, Başgyrdystana-da we beýleki türki dilli halklara-da assambleýa synçy hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berilmelidigi hakynda teklipler ara atyldy.

Türki dilli döwletleriň parlamentar assambleýasynyň maslahatynda onuň ýolbaşçylary saýlamak hakynda pikir alşylyp, oňa agza dört ýurduň hersinden alty adam, birisi-de baş sekretar hökmünde bellenilmeli edilipdir.

Şeýlelik-de türki dilli döwletleriň parlamentar assambleýasynyň ilkinji başlygy diýlip, Azerbeýjandan Ramil Hasanow saýlandy, oňa beýkeli üç döwletden orunbasarlar bellenildi. Ýolbaşçy dört ýyllap bu wezipede galar. Elipbiý tertibine görä, assambleýanyň indiki ýolbaşçysy saýlanar.

Türki dilli döwletleriň parlamentar assambleýasynyň Bakudaky maslatynyň ahyrynda «Bakuw beýannamasy» diýen karar-da kabul edilip, onda haýsy ugurdan iş alyp barylmalydygy dogrusynda maddalar ýerleşdirlipdir.
XS
SM
MD
LG