Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Adam hukuklary üzňe tutulmaly däl"


Türkmenistanyň DIM-niň birinji orunbasary Wepa Hajyýew (sagda) ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda geçirilen ministrler derejesindäki ýygnakda, Brýussel, 15-nji sentýabr, 2009 ý.

Türkmenistanyň DIM-niň birinji orunbasary Wepa Hajyýew (sagda) ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda geçirilen ministrler derejesindäki ýygnakda, Brýussel, 15-nji sentýabr, 2009 ý.

Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň aragatnaşygyna 2007-nji ýylyň iýun aýynda Brýussel tarapyndan kabul edilen täze strategiýadan soňra aýratyn badalga berildi.

Täze hyzmatdaşlyk boýunça strategiýa diýlip atlandyrylan şol proýekt ady agzalýan Bileleşige Germaniýanyň ýolbaşçylyk edýän mahalynda kabul edilipdi.

Şol programma ady agzalýan taraplaryň arasynda adam hukuklary, kanunyň üstünligi ýaly meseleler boýunça dialog geçirmek, bilim, energiýa, ulag, suw, daş-töweregi goramak, umumy howplara garşy hyzmatdaşlyk etmek ýaly maddalary öz içine alýar.

Ol strategiýa kabul edileli bäri Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen aragatnaşyk boýunça, ýol kartasynyň roluny berjaý edip gelýär.

Şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Ýewropa Bileleşiginiň Şwed prezidentliginiň Merkezi Aziya boýunça ilçisi Hans Olsson bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Olsson, Şwesiýanyň ýolbaşçylygynda ýakynda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda ýygnak geçirildi. Söhbetdeşligimiziň başynda bu ýygnagyň sizde galdyran täsiri barada maglumat beräýseňiz?

Hans Olsson: Bu ýygnaga Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlardan Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri, Türkmenistan bilen Gazagystanyň bolsa Daşary işler ministerleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Aşgabada edýän sapary sebäpli bu ýygnaga gatnaşyp bilmedi.

Hans Olsson
Gazagystanyň täze bellenen Daşary işler ministri hem öz täze jogapkärçiligi bilen bagly işleri boýunça bu ýygnaga gatnaşyp bilmedi. Ýewropa Bileleşigi bolsa, bu ýygnakda ady agzalýan gurama agza ýurtlaryň 10 töwereginiň ministerleri we beýlekileriniň bolsa döwlet sekertarlary tarapyndan wekilçilik edildi.

Bu ýygnakda regional howpsuzlyk meseleleri barada pikir alşyldy. Regional howpsuzlyk diýlende, biz Owganystan, Pakistan we Eýrandaky ýagdaýlary göz öňünde tutýarys. Bu barada Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň pikirlerini diňledik.

Şeýle-de halkara ykdysady krisiz we onuň regiona ýetirýän täsiri barada gürrüň edildi. Bu ýygnakda energiýa, suw we daşky gurşawy goramak ýaly meseleler hakda hem pikir alşyldy. Bu ministrler derejesinde geçirilen ýygnaklaryň temalarydyr. Şeýle-de diplomatik derejedäki duşuşyklarda adam hukuklary barada hem gepleşikler geçirildi.

Biziň pikirimizçe, bu tema islendik ýurtda durnukly ösüşiň ýola goýulmagy we demokratik, syýasy we ykdysady özgerişleriň dowam etmegi üçin gaýra goýulmasyz ugurlardan biri bolup durýar. Netije-de bu ýygnak gaty dostlukly ýagdaýda geçdi. Ýygnaga gatnaşýan hökümet wekilleri öz pikirlerini aç-açan beýan etdiler.

Azatlyk Radiosy: Bu ýygnakdan siz haýsydyr bir netije gazanmagy maksat edinipmidiňiz?

Hans Olsson: Parižde geçirilen konferensiýada bolşy ýaly, bu ýygnakdan soňra deklarasiýa ýaýratmagy göz öňünde tutmaýardyk. Munuň iki sebäbi bar, birinjiden, Pariž deklarasiýasy gaty täze we henizem ýörgünlidir. Ikinjiden, şonuň ýaly teksti işläp düzmekligiň gaty kyndygy gizlin zat däl.

Emma bu sammitiň beýlekilerden tapawudy – Ýewropa Bileleşigi boýunça wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejeli hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň yz ýanyndaky wagta gabat gelmegidir. Ministrler derejesinde geçirilen bu diskussiýalar soňra diplomatlar derejesinde has aç-açan we jikme-jik ýagdaýda dowam etdirildi.

Azatlyk Radiosy: Howpsuzlyk, energiýa, daş-töweregi goramak we suw ýaly meseleler boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda şonuň ýaly ýygnaklar mundan öň hem az geçirilmedi. Şwesiýa häzir bu Bileleşigiň ýolbaşçysy wezipesini berjay edýär we siz hem adam hukuklary boýunça gaty alada edýän ýurtlardan biri diýlip hasaplanýarsyňyz. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasatynda siziň täsiriniňizi nähili duýup bolar?

Hans Olsson: Elbetde, adam hukuklary temasyna Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygymyzda öňde tutulýan ugurlardan üzňe garap bolmaz. Bu biziň tutuş region boýunça 2007-nji ýylda kabul edilen strategiýamyzyň esasy bölegi bolmaklygyna galýar. Biz adam hukuklarynyň-da, kanunyň üstünligi we häkimiýetiň aç-açan bolmagy ýaly islendik ýurduň pozitiw ösüşi üçin üns berilmeli hökmany ugurlaryň biri diýip hasaplaýarys. Sebäbi bu ugurlar ösüşiň binýady hökmünde ykrar edilmedik ýurtlarda syýasy hem ykdysady reformalaryň durnukly amala aşyrylmagy gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň wekilleri bilen geçiren duşuşyklaryňyzda syýasy tussaglar bilen bagly meseleleri hem gozgadyňyzmy? Eger gozgan bolsaňyz, olar bu barada size nähili jogap berdiler? Has möhümi – olaryň beren jogaplary sizi kanagatlandyrdymy?

Hans Olsson: Biz anyk wakalar we ýurtlar barada gürrüň etmedik. Özbegistan bilen bagly gürrüň edilende, bu ýurduň Daşary işler ministri Norowyň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Özbegistanyň arasynda Hyzmatdaşlyk Geňeşi boýunça ýygnak geçirildi. Şol duşuşykda biz syýasy tussaglar bilen bagly ençeme wakany gozgadyk, olaryň arasynda anyk şahslaryň atlary hem agzaldy.

Azatlyk Radiosy: Şol wakalaryň jikme-jigi barada maglumat berip biljekmiň? Nähili meseleler, hemem kim ýa kimler barada gürrüň edildi?

Hans Olsson: Şol adamlaryň atlary we sanawy häzir elimde ýok. Emma özbek wekilleri bilen bagly edilen gürrüňde turmelerde saklanylýan käbir adamlaryň ýagdaýy hemem olaryň ýüzbe-ýüz boýan kynçylyklary baradaky meseleleri gozgadyk. Olar biziň öňe süren bu tekliplerimizden käbirlerini ret etdiler we käbirleri barada derňew geçiriljekdigini wada berdiler.

Ýöne bu ýygnagyň temasy adam hukuklary bilen bagly şahsy meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat däldi. Bu barada diskussiýa edilýän biziň ýörite forumymyz bar. Meselem, ýakynda adam hukuklary meselesi bilen bagly täjik ýolbaşçylary bilen dialog geçiriler. Bu barada iýun aýynda Türkmenistan bilen hem gepleşikler bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysy hökmünde Merkezi Aziýanyň siziň üçin ähmiýeti nämede? Siziň bu region boýunça öňde goýýan syýasatyňyz nämeden ybarat?

Hans Olsson: Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysy Bileleşigiň adyndan iş alyp barýar. Bu region ençeme sebäbe görä, Brýussel üçin gaty möhümdir. Biz regionyň goňşularyndan Merkezi Aziýada ýerleşýän şol ýurtlara neşe maddalarynyň geçirilmegine garşy alada edýäris, sebäbi bu ýagdaýa ýol berlen halatynda bu Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara hem ýaramaz täsirini ýetirer. Bu ýurtlaryň ýerleşýän ýeri hem tutuş dünyä üçin strategiki taýdan gaty möhüm region diýlip hasaplanylýar.

Azatlyk Radiosy: Has anygrak aýdylanda, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysy hökmünde siziň üçin Merkezi Aziýa bilen bagly alnyp barylýan syýasatda adam hukuklarynyň ýa syýasy azatlyklaryň orny nämeden ybarat?

Hans Olsson: Syýasatymyzda bu temalara berlen orun gaty uludyr. Biz adam hukuklarynyň beýleki ugurlar boýunça ösüşlerden üzňe tutulmaly däldigini pikir edýäris.

Şunlukda biz şol regionyň wekilleri bilen geçirilýän ähli duşuşyklarymyzda bu meseläniň yzygiderli gozgalmagynyň tarapdary. Ýakynda ady agzalýan regionyň wekilleri bilen Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda adam hukuklary ýatdan çykaryldy diýlen gürrüň ýaýradyldy. Bu nädogry maglumatdyr.

Azatlyk Radiosy: Şwesiýa bilen Türkmenistanyň aragatnaşygynyň hili, häzirki durky barada siz näme aýdyp biljek? Ýagny, häzirki döwürde haýsy ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edilýär we gelejekde bu ýurt bilen haýsy pudaklar boýunça işleşmek isleýärsiňiz?

Hans Olsson: Biziň üçin Türkmenistan energiýa sektoryndan başga-da ençeme jähtden gaty möhüm bir ýurtdur. Elbetde, Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlar türkmen gazy bilen gaty gyzyklanýarlar. Olar bu ýangyjyň göni Ýewropa akdyrylmagy barada tagalla edýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Şwesiýanyň aragatnaşygy barada gürrüň edilende, adam hukuklary bilen bagly siz bu ýurtdaky ýagdaýlara nähili täsir ýetirip biljek?

Hans Olsson:
Biz öz mümkinçiliklerimiziň çäginde bu ýurtda amala aşyrylýan özgerişliklere goşant goşup bileris. Özgerişlikler diýlende, elbetde, adam hukuklary barada gürrüň edilýär. Sebäbi adam hukuklary bilen bagly oňyn ösüşler bolmasa, başga ugurlarda hem pozitiw ösüşler gazanmak mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde köpsanly türkmen dissidentleri Şwesiýada ýaşaýarlar. Olar Şwesiýanyň hem graždanlarydyr. Emma olaryň köpüsine hatda gysga möhletlik hem Türkmenistana barmaga türkmen režimi rugsat edenok. Türkmen wekilleri bilen araňyzda geçirilýän duşuşyklarda bu mesele barada hem gürrüň boldumy?

Hans Olsson: Biz Şwesiýada ýaşaýan käbir türkmenlere, Türkmenistandaky maşgala agzalaryny bu ýurda getirmäge ýol berilmänligi bilen bagly dörän kynçylyklar boýunça türkmen wekilleri bilen gepleşikler geçirdik.

Soňky ýyllaryň dowamynda gozgalan bu meselelerden köpüsi çözüldi. Emma türkmenleriň Türkmenistana sapar etmegi bilen bagly mesele boýunça gürrüň etsem, hiç bir ýurduň raýatynyň başga bir ýurda barmagyna hökmän rugsat edilmeli diýlen düzgün ýok.

Has anygrak aýtsam, Şwesiýanyň raýaty bolan türkmenlere Türkmenistana barmaga hokmän ýol berilmeli diýlen kanun ýok. Dünýäniň islendik ýurdunyň haýsydyr bir daşary ýurtla öz ýurduna barmaga rugsat berip-bermezlige hukugy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG