Sepleriň elýeterliligi

Türk-ermeni gatnaşyklary ýola goýlarmy?


Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky ulanylman ýatan demir ýol, Akkaýa-Türkiýe, 16-njy aprel, 2009 ý.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky ulanylman ýatan demir ýol, Akkaýa-Türkiýe, 16-njy aprel, 2009 ý.

Türkiýe bilen Ermenistanyň 31-nji awgustda diplomatik gatnaşyk gurmak, bir asyra golaý dowam edip gelýän duşmançylykdan soň serhetleri açmak barada diplomatik protokollar hakda ylalaşygyny dünýä jemgyýetçiligi gyzgyn garşylady.

Türk premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan 27-nji sentýabrda iki ýurduň Daşary işler ministrleri Eduard Nalbandýan bilen Ahmed Dawutoglunyň 10-njy oktýabrda Şweýsariýada bu protokollara gol çekjekdiklerini aýtdy.

Riçard Giragosýan Ermenistanyň Milli we Halkara Barlaglary Merkeziniň direktory. Onuň pikiriçe, Ärdoganyň bu aýdýany bolmajak zat däl.

“Biz ermeni paýtagtynda käbir protestlere we demonstrasiýalara şaýat bolduk. Türkiýäniň özünde hem garşylyk ýok däl. Ýöne geň zat – gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna görkezilýän garşylygyň garaşylanyndan azdygy. Bu ýagdaý protokollara gol çekiljegine umyt döredýär” diýip, Giragosýan aýdýar.

Ýöne protokollara gol çekilensoň, olar Ermenistanyň hem Türkiýäniň parlamentleri tarapyndan oňlanylmaly. Bu hem gatnaşyklaryň kadalaşmagyna şu çaka çenli görkezilen garşylyklary nazara alanyňda, aňsat iş däl.

Genosid dawasy

Ýerewan 1915-1923-nji ýyllarda, Osman imperiýasy döwründe, 1,5 million ermeniniň gyrlandygyny aýdyp, munuň genosid diýlip ykrar edilmegini isleýär. Ankara bolsa: “Birinji jahan urşunda we Gündogar Anatoliýadan sürgün edilenlerinde 600 müň ermeni öldi. Ýöne bu olaryň ýurda çozup giren ors goşunlarynyň tarapyny çalandygy bilen baglanyşykly” diýýär.

Ermenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alansoň, Türkiýe ony ykrar etdi. Ýöne diplomatik gatnaşyklar gurulmady. 1993-de Daglyk Garabag meselesinde Azerbeýjan bilen raýdaşlykda Ankara Ermenistan bilen bolan serhedi ýapdy.

Eduard Şarmazanow Ermenistanyň häzir häkimiýet başyndaky Respublikan Partiýasynyň sözçüsi. Ol 1-nji oktýabrdan başlap, protokollar barada wekiller arasynda çekişme gider diýýär.

“Bu bir gaty çylşyrymly proses. 1-nji oktýabrda parlament bu barada çekişmä başlar. Biziň tutýan ýolumyz dogrumy ýa nädogry – şonda belli bolar. Meniň garaýşymça, barýan ýolumyz dogry. Ondan soň hem oňlama prosesi başlar. Men bu iş tiz bolar diýip pikir edemok” diýip, Şarmazanow belleýär.

Analizçi Giragosýanyň pikiriçe, ermeni parlamentinde görkezilen garşylyk köp bolmaz. Ýöne beýlekiler kynçylygyň Türkiýede döremegi mümkin diýýärler.

Daglyk Garabag meselesi


Barçyn Ynanç ”Turkish Daily News” gazetiniň kommentatory: “Diplomatik gatnaşyklary gurmak baradaky protokolyň parlament tarapyndan goldaw tapmak mümkinçiligi ýokary. Ýöne serhedi açmak protokolynyň şansy welin, Daglyk Garabag meselesiniň çözgüdinde ilerleme bolmasa, gaty gümürtik” diýip Ynanç belleýär.

26-njy sentýabrda Azerbeýjanyň resmi habar agentlikleri türk parlamentiniň başlygy Mehmet Ali Şahine salgylanyp, Ermenistan-Azerbeýjan dawasy çözülmedik ýagdaýynda gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky ylalaşyklaryň oňlanylmajakdygyny habar berdiler. Mehmet Ali Şahin muny prezident Ylham Aliýew bilen Bakuda geçiren gepleşiginde aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG