Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow bilen Nazarbaýewiň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy


Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Nursoltan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik boldy.

Gazak lideri türkmenistanly kärdeşini garaşsyzlygyň ýetip gelýän 18 ýyllygy bilen gutlay.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet saýtynyň maglumatyna görä, energetika, transport ýaly strategik ugurlar boýunça ýakynda bolan duşuşyklarda hem gepleşiklerde gelnen ylalaşyklaryň ýerine eýtirilişiniň, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz turbasynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk hem şol ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň dabara gatnaşmagy barasynda-da gürrüň boldy.


XS
SM
MD
LG