Sepleriň elýeterliligi

Sumatra adasynda halas ediş işleri alnyp barylýar


Düýn güýçli ýer titrän Indoneziýanyň Sumatra adasynda halas ediş işleri alnyp barylýar. Ýüzlerçe adamyň ölüp, münlerçesiniň harabalygyň aşagynda galandygy habar berilýär.

8 ball töweregi güýji bolan ýer titremäniň merkezi 900 müň ilatly Padaň şäheriniň goldaýynda.

Ýer titreme düýn Ýuwaş okeanyň günortasynda güýçli harasadyň, suw joşmasynyň döremegine sebäp boldy.

Takyklanan maglumatlara görä, Ýuwaş okeanyň adalarynda harasadyň gelmegi netijesinde 113 adam heläk bolupdyr.

Iň uly ýitgi çeken Samoa adasy bolup, bu ýerde pidalaryň sany 84 adam, goňşy Amerikan Samoa adasynda 22 adam.

Bulardanam başga Tonga adasynda 7 adam ölüpdir.

ABŞ amerikan Samoa adasyny betbagçylyk zolagy yglan etdi.

Güýçli tolkunalara duçar bolan adalara gumanitar kömek ugradylyp başlandy.
XS
SM
MD
LG