Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kawkazda bolan harby konflikt barada hasabat çykdy


Geçen ýylyň awgust aýynda Kawkazda bolan harby konflikti derňemek üçin Ýewrobileleşigiň arka durmagynda döredilen halkara komissýaiyň kararyna Orsyet bilen Gürjüstan hersi özüçe baha berýär.

Orsýetiň prezidentiniň metbugat sekretary Nataliýa Timakowa “Harby hereketleri Gürjüstan başlady -diýip, komissiýanyň gelen netijesini Moskwa goldaýar” diýdi.

Gürjüstanyň reintegrasiýa boýunça ministri Timur Ýakobaşwili munuň tersine: “Konflikte alyp gelen prowokasiýa üçin komissiýa jogapkärçiligi Orsyetiň üstüne ýükleýär” diýdi.

Düýn Orsyetiň we Gürjüstanyň wekillerine gowşurylan dokumentde gürji goşunlarynyň Günorta Osetiýa girizilmegi “aklap bolmaýan hereket”, Orsyet harbylarynyň hereketleri “çäkden çykma”, Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny Moskwanyň ykrar etmesi “halkara hukuklaryna garşy” atlandyryldy.
XS
SM
MD
LG