Sepleriň elýeterliligi

HWF: Dünýä ykdysadyýeti garaşylyşyndan çalt çöküşden çykýar


Halkara Walýuta Fondy dünýä ykdysadyýeti garaşylyşyndan çalt çöküşden çykýar –diýip, hasap edýär.

“Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görlen aktiw çäreler pozitiw tendensiýalara alyp geldi” diýlip, fonduň täze çap edilen dokladynda bellendi .

Şol bir wagtda-da dünýä ykdysadyeti üçin käbir töwekgellikleriň saklanyp galýandygy–da bellendi.

Halkara Walýuta Fondunyň pul syýasaty we kapital bazarlary boýunça bölüminiň direktory Hose Winalsyň sözlerine görä, ösen ýurtlarda-da, ösýän ýurtlarda-da soňky döwür maliýe durnuklylygynyň pugtalanma tendensiýasy göze ilýär.

“Ýagdaý gowulaşýar, biz maliýe gorpunyň gyrasyndan daşlaşdyk, häzir durnuklylyk görýäris” diýip, Halkara Pul Fondunyň wekili aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG