Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň DIM-i Manuçer Muttaki Waşingtona bardy


Eýranyň DIM-i Manuçer Muttaki Eýranyň ABŞ-daky bähbitlerine wekilçilik edýän Päkistanyň ilçihanasynyň üsti bilen amerikan wizasyny alyp, Waşingtona bardy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouli Eýran ministriniň amerikan resmilerinden hiç biri bilen duşuşmajakdygyny aýtdy.

Waşington bilen Tähranyň 1980-nji ýyldan bäri diplomatik gatnaşyklary ýok.

Şu gün dünýäniň iri 6 döwletiniň hem Eýranyň wekilleri Jenewada duşuşyp, Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň täze tapgyryny geçirer.
XS
SM
MD
LG