Sepleriň elýeterliligi

“MHM Gökdepe söweşinden ruhlanmaly”


Narodetski:"Aşgabadyň öz daşyndaky germewi böwüsmek ugrundaky tagallalarynda hem edil XIX asyrdaky Gökdepe galasynyň öňünde goýan maksady ýatyr."

Narodetski:"Aşgabadyň öz daşyndaky germewi böwüsmek ugrundaky tagallalarynda hem edil XIX asyrdaky Gökdepe galasynyň öňünde goýan maksady ýatyr."

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda Howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine eden gutlag ýüzlenmesinde olary Gökdepe söweşiniň gahrymanlarynyň edermenliginden ruhlanyp, watana wepaly gulluk etmeklige çagyrdy.

Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine olaryň işi üçin bildiren minnetdarlygynyň ýany bilen prezident ýene-de bir pikiri aýtdy. Ol bolsa prezidentiň muny isländigine ýa islemändigine garamazdan, onuň gutlagyny özboluşly bir adaty bolmadyk gutlaga öwürýär.

Berdimuhammedow «güýç ulanyjy işgärleriň edermen ata-babalaryň we Gökdepe söweşiniň gahrymanlarynyň edermenliginden ruhlanyp, watana, garaşsyz döwlete wepaly gulluk etjekdiklerine ynanýandygyny» aýtdy.

Nämäni aňladýar?

Prezidentiň aýdan bu sözleri, eýse indi Milli howpsuzlyk ministrliginiň döwlet gözegçisi funksiýasyndan daşlaşyp, garaşsyzlygyň goragçysy wezipesi hökmünde ýöriteleşjekdigini aňladyp bilermi?

Prezidentiň sözlerindäki bu jümläni has möhüm zada öwürýän we ony häzirki günüň problemalary bilen gönüden-göni baglanyşdyrýan bir ýagdaý bar. Eýse, şol gönüden-göni baglanyşyga ýurduň adaty graždanlary näderejede ähmiýet berýärkäler?

Ýagny, Gökdepe söweşi göräýmäge, dişinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp gelen ruslaryň professional jeza beriş korpusy bilen türkmenleriň bir toparynyň alyp baran örän kyn söweşi ýaly bolup görünýär. Elbetde, türkmenlerde ýeňşe umyt baglar ýaly mümkinçilik hem ýokdy, emma olar aman soramadylar.

Meniň pikirimçe, türkmen prezidenti öz ýüzlenmesinde ýurduň güýç ulanyjy organlarynyň işgärlerini Gökdepe galasynyň gahrymançylygyna eýermäge çagyrmak bilen ol hut ýaňky ýanbermezlik obrazyny nusga hökmünde goýýar.

Tötänleýin däl bolsa gerek


Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut şeýle obrazy saýlap almagy türkmen-rus gatnaşyklarynyň, aýratynam soňky döwürdäki dartgynly gatnaşyklarynyň fonunda, megerem, tötänleýin däl bolsa gerek.

Türkmenistanyň üstünden Kremliň öz kontrollygyny saklap galmak ugrunda edýän tagallalary bilen baglanyşykly Aşgabadyň başdan geçirýän basyşlary bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pragmatik we özara bähbitli ýagdaýda ýola goýulmagynda esasy päsgelçilik bolup görünýär.

Şu nukdaýnazardan, şu günki gün Gökdepe söweşi hem söweşiň formasynyň diňe bir möhüm jähtde üýtgemegi bilen dowam edýän ýaly bolup görünýär. Ýagny, şu günki gün bu söweş türkmen tarapyna XIX asyrda olaryň ata-babalarynyň başdan geçiren ölüm howpuny abandyrmaýar.

Goranyş we hüjüm

Bu günki gün türkmenleriň diňe bir goranmaga däl, eýse garşylyklaýyn hüjüm etmäge-de ýagdaýlary bar. Muňa mysal hökmünde, iň bolmanda energiýa bazarynda öz geplerini gögertmek üçin Orsýet tarapynyň türkmenlere garşy ulanan energiýa blokadasyny alyp göreliň.

Bu ýagdaýa Aşgabat özüniň köp göçümli ädimleri bilen jogap berdi we şonuň netijesinde-de eýýäm şu ýylyň 15-nji dekabryndan başlap, bu regionda Orsýet üçin garaşylmadyk konkurent peýda boljak, ol hem Hytaý. Hytaýyň arkasy bilen Türkmenistan alternatiw gaz ýaranyna eýe boldy. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagyna Aşgabat uly ýeňşiň alamaty hökmünde baha berýär.

Aşgabadyň öz daşyndaky germewi böwüsmek ugrundaky tagallalarynda hem edil XIX asyrdaky Gökdepe galasynyň öňünde goýan maksady ýatyr. Ol maksat – türkmenleriň millet hökmünde diri galmak maksadydyr.

Şu nukdaýnazardan, prezidentiň güýç ulanyjy organlaryň işgärlerini şu günki günüň «gökdepilileri» bolmaklyga çagyrmagy, ýene-de bir gezek Türkmenistanyň örän çynlakaý synag bilen ýüzbe-ýüz durandygyny nygtamakdyr. Ol gürrüňi edilýän synag bolsa, hakyky garaşsyzlyk ugrundaky synagdyr.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG