Sepleriň elýeterliligi

Tährana görkezilýän gysyş artdyryldy


Eýranyň ýokary derejeli ýadro wekili Saeed Jalili (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Hawier Solana, Ženewa, 1-nji oktýabr, 2009 ý.

Eýranyň ýokary derejeli ýadro wekili Saeed Jalili (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Hawier Solana, Ženewa, 1-nji oktýabr, 2009 ý.

Eýranyň ýokary derejeli ýadro wekili Saeed Jalili bilen şu gün 1-nji oktýabrda geçýän duşuşykdan öň dünýäniň güýçli döwletleri ýadro programmasynyň üstüni doly açmagy, urany baýlaşdyrmak işini togtatmagy üçin Tährana görkezilýän gysyşy artdyrdylar.

Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligini aladalandyrýan zat – Eýranyň gizlin alyp barýan ýadro programmasy hem-de ol atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýar diýen gorky.

Ženewada Eýran bilen geçirilýän gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän Ýewropa Birliginiň baş diplomaty Hawýer Solana: “Meniň garaşýanym we umydym: öz ýadro programmasynyň parahatçylykly programmadygy barada Tähranyň berjek wadasy” diýip, Solana aýdýar.

Bu gepleşiklere Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary – Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet – şeýle hem Germaniýa gatnaşýar. Gepleşiklerde Eýran wekiline ilki bilen beriljek soraglar Tähranyň uran baýlaşdyrmak üçin ýene bir desgany gizlin guranlygy, onuň atom ýaraglary üçin ulanarlyk materiallary öndürýändigi barada bolar.

Halkara derejesinde ýazgaryldy

Bu ikinji desganyň bardygyny Tähran Atom Energiýasy Boýunça Halkara Agentligine öten hepde habar berdi. Bu desganyň gurulmagy halkara derejesinde ýazgaryldy: “Öz halkynyň energiýa bolan hajatyny ödemek üçin ýadro güýjünden peýdalanara Eýran hukukly. Ýöne bu desganyň göwrümi hem konfigurasiýasy parahatçylykly programma laýyk däl. Eýran hemme ýurtlaryň ýerine ýetirmeli düzgünlerini bozýar. Ol şeýdip, atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky ylalaşygy gorka goýýar, öz halkyny olara gerekli mümkinçiliklerden mahrum edýär, regionyň we dünýäniň durnuklylygyna hem dynçlygyna howp abandyrýar” diýip, prezident Obama aýtdy.

Eýran bolsa görnüp duran subutnamalara garamazdan, ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini gaýtalaýar. Ýurduň ýokary derejeli ýadro resmisi Ali Akbar Salehi Eýran öz suweren hukugy bar bolan zatlar barada beýlekilerden rugsat soramaz diýýär: “Umuman, aýdanyňda, ýaragsyzlanmak, atom ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy – bular hemmeleri aladalandyrýan zatlar. Ýadro enjamlary, ýadro tehnologiýasy, parahatçylykly ýadro tehnologiýasy barada, bu zatlaryň hemmesi barada biz gepleşige taýyn. Ýöne öz suweren hukugymyz barada welin, gepleşik geçirmeris. Biziň Ženewada nygtajak bolýanymyz şol” diýip, Salehi aýdýar.

Orsýet bilen Hytaýyň pozisiýasy

Eýran uran baýlaşdyrmak işini togtatmadyk ýagdaýynda onuň garşysyna girizilen sanksiýalaryň güçlendirilmegini Orsýet bilen Hytaý goldarmykan?

Prezident Medwedew Ženewada öňegidişlik bolmasa, özüniň sanksiýalary goldamagynyň mümkindigini öten hepde duýdurdy. Ýöne bu nädereje bolar? Ol belli däl.

Käbir ekspertleriň aýtmagyna görä, Hytaýyň hem Eýranyň nebit-gaz senegatynda goýan maýalary bar. Sanksiýalaryň bulara zyýan ýetirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG