Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pawel Hodorkowski: "Kakam günäsizdi"


Mihail Hodorkowski Moskwanyň sudyna getirilýär, 31-nji mart, 2009 ý.
Mihail Hodorkowski Moskwanyň sudyna getirilýär, 31-nji mart, 2009 ý.

Orsýetiň ozalky belli nebit baýy Mihail Hodorkowskiniň 24 ýaşyndaky ogly Pawel Hodorkowski indi alty ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar. Onuň kakasy birgiden aýyplamalar esasynda tussag edildi we şondan bäri türmede otyr.

25-nji sentýabrda Nýu Ýorkuň Times meýdanynda Mihail Hodorkowskiniň azatlyga goýberilmegi talap edilip, asuda bir yöriş geçirildi. Şol pursatdan peýdalanyp, Azatlyk Radiosy Hodorkowskiniň ogly bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin bu gün kakaňyz hakynda ýazylan makalalar hem-de onuň suraty bilen bu ýere geldiňiz?

Pawel Hodorkowski: Biz Orsýetiň ABŞ-da ýyllyk biznes geňeşiniň maslahatyna gatnaşmagyna protest bildirmek üçin ýygnanyşdyk. Bu maslahat “Mariott” otelinde geçirilýär we oňa Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşýar. Onda Orsýet-ABŞ gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak meselesine seredilýär.

Maslahata bu iki döwletiň uly biznesmenleri gatnaşýarlar. Biziň maksadymyz bolsa, ABŞ-nyň halkynyň arasynda meniň kakam bilen raýdaşlyk bildirýänleriň bardygyny, Orsýet hökümetine wekilçilik edýänlere ýatlatmak.

Olar M.Hodorkowskiniň başyna nämeleriň gelendigini bilýärler we ol unudylanok. Biz bu maslahata gatnaşýanlara Orsýetde kadaly, legal ýagdaý ornaşýança bu döwlet bilen söwda gatnaşyklarynyň mümkin däldigini duýdurmak isleýäris. Sebäbi Orsýetde düzgün, kanun esasynda biznes işlerini alyp barmaga umyt edýän her bir amerikan kompaniýasy, kanunçylyk sistemasy ulanylyp, hökümet tarapyndan ýa-da beýleki öz bähbidini araýan toparlar tarapyndan edil meniň kakamyň duçar bolan gününe salnyp bilner.»

Azatlyk Radiosy: Bärde Orsýetiň hökümet resmileri bilen duşuşmaga synanşdyňyzmy?

Pawel Hodorkowski:
Ýok, gynansagam, henize çenli biz Orsýet tarapyndan hiç kim bilen duşuşmadyk, bina giren mahaly ministr Sergeý Lawrow bilen duşuşarys diýip, umyt etdik, bu ýer hususy eýeçilik diýip, bize oteliň öňünde durmaga rugsat bermediler.

Azatlyk Radiosy: Nýu Ýorkuň Times meýdany köpçüligiň, ylaýta-da turistleriň köp gelýän ýeri, ötüp-geçip barýanlar siziň protestiňize nähili reaksiýa görkezdiler?

Pawel Hodorkowski: Olaryň ählisi raýdaşlyk bildirdiler, men muňa hem begendim, hem geň galdym, birinji gezek men Nýu Ýork şäherinde şeýle piket geçirdim, maňa nämäniň garaşýandygyny öňünden çaklap bilmedim, ýöne hiç haçan meniň kakam hakynda hiç zat eşitmedik adamlar, ylaýtaýda ABŞ-nyň raýatlary bu meselä oňyn garadylar, kakam hakynda gürrüň berenimizden soňra olar oňa raýdaşlyk bildirdiler.

Azatlyk Radiosy: Sen kakaň bilen näçe wagtdan bir duşuşýarsyň, onuň bilen nähili gatnaşyk gurýarsyň?

Pawel Hodorkowski: Maşgala agzalarymyzyň üsti bilen gatnaşyk gurnaýarys, olar aýda iki gezek türmede onuň bilen duşuşyp bilýärler. Ähli täzelikler we bolup geçýän ýagdaý hakynda enemiň hem atamyň üsti bilen habarly bolýaryn.

Azatlyk Radiosy: Golaýda Azatlyk Radiosy siziň kakaňyzyň rus ýazyjysy Ludmila Ulitskaýa bilen hat alşygyndan bölekleri öz internet saýtynda ýerleşdirdi. Şonda kakaňyz gaýtadan burça gabalandygy we öz mertebesini saklap, ondan halas bolup bilnmejegini ýazypdyr. Siziň pikriňizçe, bu waka başgçarak tamam bolarmy?

Pawel Hodorkowski: Meniň pikirimçe, şol wagt meň kakam has idealist bolmaly. Ol günäsizdi we sudda günäsizdigini subut edip biljegine ynamy bardy, ýöne onuň garşysyna birinji we ikinji suduň garaşsyz bolmanlygy üçin bu umyt şowsuz tamamlandy. Alty ýyldan soňra şol waka syn edip, onuň aşa türkana hem sada bolandygyna düşünýärin, ýöne şol döwürde täze prezident gelipdi, ruhubelentligiň täze tolkuny ösüp, jemgyýetde demokratiýanyň ösjegi görnüp başlapdy.
XS
SM
MD
LG