Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Amerikadaky iň baý 400 adam $300 milliard ýitiripdir


Şu gün Birleşen Ştatlarda çap edilýän «Forbes» žurnaly Amerikadaky iň baý 400 adamyň geçen bir ýylyň dowamynda çeken maliýe ýitgisiniň jemi 300 milliard dollar töweregi bolandygyny habar berýär.

Bu žurnalyň maglumatyna görä, global maliýe krizisi 400 sany amerikan milliarderinden 314-sine uly maliýe ýitgilerini getiripdir. «Forbes» žurnaly «Mikrosoft» kompaniýasynyň düýbüni tutujy Bill Geýtsiň henizem Amerikada iň baý adam bolmagynda galýandygyny we onuň maliýe baýlygynyň 50 milliard dollara barabardygyny ýazýar.

Žurnalyň maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Bill Geýts 7 milliard dollar ýitgi çekipdir.
XS
SM
MD
LG