Sepleriň elýeterliligi

Sumatradaky ýer yranmasynda azyndan 470 adam öldi


Indoneziýanyň häkimiýetleri hepdäniň çarşenbe güni ýurduň Sumatra adasynda ýüz beren güýçli ýer yranmasynda azyndan 470 adamyň ölendigini tassykladylar.

Ýöne halas ediş işleriniň barşynda ölenleriň sanynyň artmagyna hem garaşylýar. Çarşenbe güni Indoneziýanyň bu adasynda ýüz beren ýer yranmasynyň güýji rihter ölçeginde 7.6 ball boldy we ol deňiz ýakasyndaky Padaň şäherinde uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Şu gün Indoneziýanyň günbatar regionynda-da güýçli ýer yranmasy boldy. Bu ýer yranmanyň güýjüniň rihter ölçeginde 6.8 ball bolandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG