Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran dünýäniň alty dowletiniň wekilleri bilen gepleşik geçirýär


Şu gün Eýran dünýäniň alty dowletiniň wekilleri bilen öz ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşik geçirýär.

Ženewada geçirilýän bu gepleşige Eýranyň resmileri bilen birlikde, Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň, şeýle hem Geňeşe agza bolmadyk Germaniýanyň ýörite wekilleri gatnaşýarlar.

Bu gepleşikleriň öňýany Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe elektrik önümçiligi üçin niýetlenendigini bellemek bilen, bu programma baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak niýetiniň ýokdugyny bildiripdi.
XS
SM
MD
LG