Sepleriň elýeterliligi

Obama 2016-njy ýyldaky Olimpiýada oýunlarynyň Amerikada geçirilmegini goldady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2016-njy ýylda geçiriljek Olimpiýada oýunlaryny gurnamaga, Amerikanyň Çikago şäheriniň taýýardygyny hem muňa isleglidigini mälim etdi.

Ol bu pikirini şu gün Daniýanyň paýtagty Kopengagende Halkara Olimpiýada kommitetiniň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda öňe sürdi.

“Men Çikagony saýlamagyňyzy isleýärin. Men Amerikany saýlamagyňyzy isleýärin. Eger siz şeýtseňiz we biz bu ýoldan bilelikde ýöresek, men Çikagonyň we Amerikanyň dünýäni buýsandyrjakdygyna size wada berýärin” diýip, prezident Barak Obama aýtdy.

Mälim bolşuna görä, Halkara Olimpiýada kommiteti, 2016-njy ýylda geçiriljek ýaryşlara kandidat bolan Çikago, Tokio, Madrid we Rio De Žaneiro şäherlerinden birini saýlamaly.

Obama şol ýaryşlaryň ABŞ-nyň haýsydyr bir şäherinde geçirilmegini goldap Halkara Olimpiýada komitetiniň öňünde çykyş eden ilkinji amerikaly prezidentdir. Ady agzalýan komitet bu baradaky kararyny şu gün giçlik yglan eder.
XS
SM
MD
LG