Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň prezidenti garyndaşparazlykda aýyplanýar


Moldowanyň wagtlaýyn prezidenti Mihaý Gimpu, garyndaşparazlykda aýyplanandan soň, ýegeniniň Merkezi Bankyň başlygy wezipesi boýunça kandidaturasyny yzyna çekdi.

43 ýaşyndaky Kornelio Gimpu, Merkezi Bankyň ýolbaşçysy wezipesine teklip edilen ýekeje kandidatdy.

Parlamentiň spikeri hem-de ýurduň wagtlaýyn prezidenti wezipesini berjaý edýän Mihaý Gimpu, ýegeniniň iş ukybyny göz öňünde tutup bu wezipä hödürländigini mälim etdi.

Käbirleri, beýleki garyndaşy Dorin Çirtoarakanyň paýtagt Kişinýowyň şäher häkimi hem-de libral partiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolanlygy üçin hem Gimpuny tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG