Sepleriň elýeterliligi

Moskwada aeroportyň töwereginde alkogolly maddalaryň satylmagy gadagan edilýär


Orsýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, prokurorlaryň buýrugy bilen Moskwanyň aeroportynyň töwereginde ýerleşýän barlarda güýçli alkogolly maddalaryň satylmagyna garşy çäre görülýänligini habar berýärler.

Orsýetiň Wedmosti gazetiniň maglumatyna görä, resmiler sentýabr aýyndan bäri Moskwanyň uly aeroportlarynyň töwereginde ýerleýän bar hem restoranlar bilen bagly derňewler geçiripdir.

Orsýetiň hökümet wekilleri, köpçüligiň ýerleşen regionlarynda alkogoly 15 prosentden köp bolan maddalaryň satylmagynyň kanuna gabat gelmeýänligini öňe sürýärler.

Mälim bolşyna görä, soňky döwürlerde aşa içgili ýolagçylar sebäpli, rus uçarlarynda ýüze çykýan problemalaryň sany barha artýar.
XS
SM
MD
LG