Sepleriň elýeterliligi

Ýsraýyl 19 sany palestinaly zenan tussagy erkinlige goýberdi


Ýsraýyl palastinaly söweşiji topar tarapyndan tussaglykda saklanýan ýsraýylly esgeriň wideo ýazgysynyň deregine, 19 sany palastinaly zenan tussagy azatlyga goýberdi.

Mundan öň ýsraýylly resmiler, 3 ýyldan bäri Gazada tussaglykda saklanýan esger Gilat Şalitiň diridigine göz ýetirilmese, palestinaly tussaglaryň boşadylmajagyny aýdypdylar.

Bu baradaky ylalaşyga Müsüriň araçylygynda gelindi.

Palastinaly topar Hamas, Gilat Şalitiň erkinlige göýberilmegine derek, Ýsraýyldan ýüzlerçe palestinaly tussagy azat etmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG