Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda 8 gozgalaňçy öldürildi


Çeçenistanly resmileriň aýtmagyna görä, prezident Ramzan Kadyrow tarapyndan berlen buýruk esasynda geçirilen harby çärede 8 gozgalaňçy öldürilipdir.

Bu operasiýa Dagystan bilen Çeçenistanyň serhet-ýaka etraplarynda geçirildi.

Aýdylşyna görä, paýtagt Groznynyň 140 kilometr uzaklygynda ýerleşýän şol etrapda geçirilen çärede howpsuzlyk güýçlerine zyýan ýetmänligini Kadyrowyň özi Interfaks habar agentligine şol regiondan beren interwýusynda aýdypdyr.

Orsýet Çeçenistanda ýagdaýyň kadalaşanlygyny aýdyp, 10 ýyl töweregi dowam eden terrora garşy göreşini şu ýylyň başlarynda togtadypdy. Emma regionda dartgynlylyk henizem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG