Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti soraglara jogap berdi


Prezident Berdimuhamedow Hazar deňziniň statusy we Azerbeýjan bilen käbir nebit ýataklarynyň üstünde gidýän jedelleriň çözgüdi hakynda öz garaýşyny beýan etdi.
Prezident Berdimuhamedow Hazar deňziniň statusy we Azerbeýjan bilen käbir nebit ýataklarynyň üstünde gidýän jedelleriň çözgüdi hakynda öz garaýşyny beýan etdi.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri ilkinji gezek ýerli we halkara habar serişderleriniň gatnaşmagynda gurnalan metbugat konferensiýasynda dürli soraglara jogap berdi.

Prezident Hazar deňziniň statusy we Azerbeýjan bilen käbir nebit ýataklarynyň üstünde gidýän jedelleriň çözgüdi hakynda öz garaýşyny beýan etdi.

Türkmen lideri öz çykyşynda Deňiz serhediniň çäklerini bellmek, Hazaryň Bio serişderlerini gorap saklamak, deňzi ýaragsyzlandyrmak meselelerine degip geçdi.

Esasy gapma garşylyklar

“Hazar deňzinde käbir nebit ýataklarynyň üstünde Azerbeýjan bilen bar bolan jedel baryp sowet soýuzy dargaly bäri dowam edip gelýär. Esasy gapma-garşylyklar deňiz ýalpaklarynda bar bolan jedelli nebit ýataklarynyň üstünde barýar» diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Häzir Türkmenistan üçin aýry-aýry geografik ýerleri bellemegiň, onuň hukuk durumyny çözmegiň ähmiýetlidigini nygtan Berdimuhamedow bu problemanyň diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň, Hazar deňziniň parahatçylyk hem ylalaşyk deňzi bolmagynyň ähmiýetine-de degip geçdi.

Azerbeýjan bilen dogan we gowy goňşuçylyk gatnaşygyny alyp barmak isleýändigini belläp, türkmen lideri öz çykyşynda iki sany esasy meseläni ara atdy.

Birinjiden, ol Hazar deňziniň statusy we onuň baýlyklary bilen bagly dörän problemalaryň global derejede çözülmeginiň zerurdygyny mälim etdi. Ol bu barada BMG-niň tribunasyndaky beýanatynda-da belläp geçipdi.

Ikinji mesele bolsa, problema çözülmedik ýagdaýynda onuň halkara arbitraž suduna geçirilmegi.

Dialog we diplomatiýa

Ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikiriçe, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň meseläniň dialog we diplomatik ýollar bilen çözmäge ymtylmagy örän dogry we bu mynasyp çözgüdi tapmaga ýardam edip biler.

Ýöne Azerbeýjanyň nebiti öwrenýän merkeziniň başlygy Ilhan Şaban diňe diplomatik ýollardan diýlip oturman, gepleşiklere başlanmaly, türkmen tarapy bu babatda ädim ätmeýär diýýär.

Düýbi Bakuda bolan «Innowasiýa we Tehnologiýalar» merkeziniň başlygy Mubarez Ahmad Ogly türkmen prezidentiniň düýnki metbugat-konfrensiýasynda Hazar deňzindäki jedelli nebit ýataklary meselesiniň çözüdi ugrundaky ara atan tekliplerine oňyn baha berdi.

“Nebit gazyp almak bikanun”

Ýöne türkmen lideri agzalan metbugat-konferensiýasynda jedelli ýerlerden nebit gazyp almagyň bikanundygyny ýörite nygtady.

Yazyjy A.Welsapar meseläniň halkara arbitraž sudunda däl-de, özara gepleşikler esasynda çözülmegi gutarnykly bolup bilmez hem-de bu uzagyndan regionyň asudalygyna ýaramaz täsir ýetirip biler diýýär.

Emma Azerbeýjandan Mubarez Ahmed ogly: “Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz halkynyň ýaşaýşyny gowulandyrmak ugrunda alada edip gelýär, ol halkara suduna pul harçlap, munuň üçin wagtyny ýitirmez” diýip belleýär.

Indi uzak wagtdan bäri Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek dogrusynda gepleşikler alnyp barylýar, ýöne problema öz çözgüdine garaşýar.
Meseläniň özara gepleşikler esasynda çözülmegi gutarnykly bolup bilmez.


Azeri bilermeni M.Ahmadogly bu barada şeýle diýdi: «Hazaryň statusy diňe deňiz ýaka döwletleriň gatnaşmagynda çözülmeli, bu ýere halkara güýçleriň getirilmegi maksada laýyk bolmaz. Sebäbi ol güýçleriň arkasynda belli-belli döwletler bar we olar-da öz bähbitlerini araýarlar.»

Prezident Berdimuhamedowyň Hazar deňzindäki jedelli nebit ýataklary dogrusyndaky bu çykyşynda, diplomatik garaýşynyň hem-de ýumşama alamatynyň agdyklyk edýändigini syýasy bilermenler aýdýarlar.

«Türkmenistan Hazar basseýninde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin örän amatly işler alyp barýar, olardan Türkmenbaşy şäherindäki Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça başlanan işler» diýip, Berdimuhamedow ýörite nygatdy.
XS
SM
MD
LG