Sepleriň elýeterliligi

Iki ýaş žurnalistimiz aramyzdan gitdi


Roza Ajiri (çepde) we Amir Zamanifer

Roza Ajiri (çepde) we Amir Zamanifer

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň pars gullugy “Farda” radiosnyň iki sany ýaş žurnalisti Roza Ajiri we Amir Zamanifer paýtagt Praganyň eteginde ýol heläkçiliginde wepat boldular. Ulagyň rolunda oturan Mehin Gorji diýen kärdeşimiz bolsa, agyr ýagdaýda keselhanada özüni bilmän ýatyr.

Amir bilen Rozanyň ömür tanaplary ir gyryldy. Amir 29, Roza bolsa 27 ýaşynda bu dünýä bilen hoşlaşmaly boldular. Olar entek durmuşyň hözürini görüp ýetişmeseler-de, durmuşlary diýseň manylydy. Bu tragiki ýagdaý 29-njy sentýabrda Pragadan takmynan 16 km uzaklykda boldy.

Deslapky derňewe görä, olaryň maşyny magistralda ýoluň gyrasynda az salym saklananda, uly ýük maşyny gelip, duýdansyzlykda olaryň ulagyny kakypdyr. Şol maşynda Praga gelýän žurnalist Mehin Gorjiniň dosty, bir ýaş adam-da agyr ýaralanypdyr.

Dostlary ýatlaýarlar


Roza bilen Amiri tanaýan dostlary olaryň elmydama güler yüzlüdigini ýatlaýarlar. “Farda” radiosynyň işgäri Hannah Kawiani bu ýaşlaryň aradan çykmagy bilen Praga özüniň iki sany güler ýüzli ýaşaýjysyny elden berdi diýýär.

Şadyýan gyz Roza elmydam öz žurnalistik kärini ösdürmegi isleýärdi, ol öz tanyş-bilişlerine «Men bir gün meşhur halkara habarçysy bolaryn» diýýärdi.

Eýranda iýun aýynda prezidentlige geçirilen saýlawlardan soňra dörän ýagdaý Roza agyr degdi. Haçanda Eýranda tussaglykda oturan Amir Jawadifar diýen studentiň ölüm habary ýaýranda, Roza onuň dostundan interwýu almagy başardy, şonda ol Amiriň gynalyp öldürilendigini aýdypdyr.

27 ýaşyndaky Neda Agha Soltany diýen gyzyň Tähranda atylyp öldürilişi hakdaky wideo ýazgysyny görende, Roza gözýaşyny saklap bilmändi.

“Parahat durmuş arzuw edýärin”

Aramyzdan ýaş giden Amir Zamanifer radiodan gepleşikleri alyp barýardy, onuň örän ýakymly sesi bardy. Ol her gezek gepleşiginiň ahyrynda «Size parahat durmuş arzuw edýärin» diýerdi, bu bolsa dostlarynyň hem-de diňleýjileriň göwnünden turardy: «Şunuň bilen “Farda” radiosynyň žurnal programmasy tamamlandy, gijäňiz rahat bolsun! Amir Zamanifar. Radio Farda.»

Amir poeziýany, edebiýaty, surat almagy hem-de eýran naharlaryny gowy görýärdi, Eýrandaky syýasy ýagdaý Roza täsir edişi dek, Amire-de agyr täsir edýärdi. Amiriň soňky gepleşikleriniň biri türmede oturan žurnalistlere bagyşlanypdy.

RFE/RL’iň prezidenti Jeff Gedmin “Farda” radiosynyň žurnalistleri Roza Ajiriniň we Amir Zamaniferiň hatyrasyna geçirilen matam çäresinde çykyş edýär.
Olar indi ýok, ýöne olar ýüreklerde ýaşarlar. Roza bilen Amiriň ölümi baradaky habar ýaýrandan soňra Radiomyzyň “Farda” bölümine iberilýän gynanç hatlaryň yzy üzülenok.

Şol ulag heläkçiliginde agyr ýaralanan Mehin Gürji görnükli sportsmen zenandy. Radio işe girenden soňra ol syýasy gepleşikleri alyp bardy.

Eýrandan “Farda” radiosyna telefon eden bir diňleýji Mehiniň tiz sagalmagy üçin doga edýändigini aýdyp, onuň ýene-de öz gepleşiklerini dowam etdirmegini arzuw edipdir: “Salam, men Arak şäherinden jaň edýärin. Men-de edil siz ýaly hanym Gorjiniň tiz sagalmagyny dileg edýärin hem-de tizara ýene-de syýasy gepleşiklerini dowam etdirer diýip, umyt edýärin.»

“Gynansagam, elimizden gelýän zat ýok, ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaýar” diýip, merhumlaryň dostlary ýazypdyrlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG