Sepleriň elýeterliligi

ABŞ internete gözegçiligi ýeňledýär


Amerikan hökümeti tarapyndan internete edilýän kontrollyk gowşadyldy. Indi "Berilýän Atlar we Sanlar Baradaky Internet Korporasiýasyna" köpräk garaşsyzlyk berilýär.

Iňlis dilinde gysgaldylyp ICANN diýilýän “Berilýän Atlar we Sanlar Baradaky Internet Koporasiýasy” ozal ýeke Birleşen Ştatlaryň hökümetine hasabat berýärdi. Indi bu guramanyň komissiýalaryna daşary ýurt hökümetleriniň-de wekilleri goşulyp bilýärler. Şeýdip, internet korporasiýasyna beýleki ýurtlaryň-da gözegçiligine ýol açylýar.

Birleşen Ştatlaryň söwda departamentiniň 30-njy sentýabrda gol çekişen ylalaşygynda merkezi Amerikada ýerleşýän ”Berilýän Atlar we Sanlar Baradaky Internet Korporasiýasy” - ICANN-e köpräk garaşsyzlyk berilýär hem-de bu korporasiýanyň üstünden halkara gözegçiligine ýol açylýar.

Öňki ylalaşyk şu ýylyň 30-njy sentýabrynda soňlandy. Täze ylalaşykda daşary ýurt hökümetleriniň wekilleri ICANN-i döwürleýin gözden geçirýän komissiýalara goşulmaklyga çagyrylýar. Bu hem internet guramasynyň mundan beýläk ýeke Amerikan hökümetine raport bermeli däldigini aňladýar.

Kewin Anderson Britaniýanyň gündelik Guardian gazetiniň redaktorlarynyň biri. Ol internetden peýdalanýan ýönekeý adamlar üçin üýtgän bir uly zat ýok diýýär: “Internetden ortaça peýdalanýanlar üçin bu hiç bir zat däl. Olaryň gündelik durmuşyna edýän täsiri ýok. Bu ilkinji nobatda bir syýasy mesele. Birleşen Ştatlar internetiň belli aspektlerini gereginden artyk öz ellerinde saklamaga synanşypdy. Indi bolsa internet bir halkara zat” diýip, Anderson aýdýar.

Öten ýyllarda Ýewropa Birligi başlyklaýyn “web bir global zat” diýip, Birleşen Ştatlaryň internete kontrollygynyň gowşadylmagy oňa köpräk garaşsyzlyk berilmegi ugrunda halkara derejesinde çagyryşlar boldy. Ýewropanyň internet jemgyýeti we mediasy baradaky komissary Wiwian Reding: “Bu internet korporasiýasyny öz kararlarynda köpräk garaşsyz hem köpräk jogapkärçilikli eder” diýip, täze ylalaşygy gutlady.

“Google” goldaýar

Ylalaşygy Google’yň ýerine ýetiriji direktory Erik Şmidt hem öwdi.

Internetdäki ýokary derejeli domaýnlara näme atlaryň goşulmalydygy barada karar berýän ICANN. Ol häzir domaýnlara goşulýan com ýa org ýaly goşulmalaryň sanyny artdyrmaga, bu prosesi aňsatlaşdyrmaga taýýarlyk görüp ýör. Täze ylalaşyk hem edil şu wagta gabat gelýär.

Bilnişi ýaly, häzir internet adreslerini diňe latyn harplary bilen berip bolýar. Andersonyň garaýşyça internet korporasiýasy indi beýleki dilleriň ulanylmagyna-da ýol berip biler: “Näme üçin daşary ýurt dilleriniň ýazuwy bilen domaýn atlaryny berere hiç bir ýol ýok? – diýip, ençeme ýurtlardan sorag berilýär. - Meniň pikirimçe, bu barada indi käbir liberallaşma bolar” diýip, Anderson belleýär.

Täze ylalaşyk boýunça komissiýalaryň berýän ündewlerini internet korporasiýasynyň ýerine ýetirmegi hökmany däl. Birleşen Ştatlaryň söwda departamentiniň hem komissiýalaryň birinde bir kepillendirilen orny bar. Beýleki ýurtlaryň wekillerini bolsa, korporasiýanyň ýolbaşçylary saýlaýarlar.
XS
SM
MD
LG