Sepleriň elýeterliligi

Gürjü-ors urşunyň sebäpleri ýaýradyldy


 Shinwali şäherine tarap barýan rus esgerleri ýolda dynç alýarlar, 9-njy awgust, 2008 ý.

Shinwali şäherine tarap barýan rus esgerleri ýolda dynç alýarlar, 9-njy awgust, 2008 ý.

Geçen ýylyň awgust aýynda Orsýet-Gürjüstan arasyndaky urşuň sebäpkärlerini anyklamak maksady bilen Ýewropa Birleşigi ýörite derňew işini geçirdi. Şol raport bolsa 30-njy sentýabrda Brusselde Birleşige agza döwletleriň ilçilerine hödürlenildi.

Şweýsariýaly diplomat Heidi Tagliawiniň ýolbaşçylygynda taýýarlanan 1.200 sahypadan ybarat raportda 2008-nji ýyldaky Orsýet-Gürjüstan arasynda bolan urş hakynda bitarap, dürli hem-de anyklaýjy dokument ýerleşdirlipdir.

Urş hakynda derňew işini alyp baran Tagliawini halkara ekspertleriniň işinden peýdalandy. Ol öz raportyny Gürjüstanyň, Orsýetiň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekillerine hödürlände, bu dokumentiň obýektiw faktlaryň ýönekeý ýygyndysydygyny, şondan başga zat däldigini aýtdy.

“Bölünşik emele geldi”


Orsýetiň syýasaty hakynda Ýewropa Bileleşiginiň hatarynda bölünşik emele geldi diýip, komissiýanyň raportynda bellenilýär.

Urşuň başlanmagynda esasy günäkär diýip, Orsýet we Gürjüstan birek-biregi aýyplap geldiler. Şol esasda Moskwa öz delillerini öňe sürýär.

Moskwanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Wladimir Çižow Brýusseldäki metbugat konferensiýasynda bu barada şeýle diýdi: «Urşy kim başlatdy diýen esasy soraga bu dokument iki manyly bolmadyk, ýagny anyk jogap berýär. 2008-nji ýylyň 7-nji awgustyndan 8-nji awgustyna geçilýän gije Gürjüstanyň Shinwal şäherine köp sanly top oklaryny hem raketa atmagy urşuň başlanmagyna sebäp boldy» diýip, rus wekili aýdýar.

30-njy awgustda Tbiliside çykyş eden Gürjüstanyň gaýtadan integrirlenmek boýunça döwlet ministri Temur Lakobaşwili munuň garşysyna başga pikiri öňe sürüp, Orsýetiň halkara kanunlary bozup, uruş odunyň tutaşmagyna sebäp bolandygy hakynda raportda ýerleşen meselä ünsi çekdi.

«Raportda urşy Gürjüstanyň başlamanlygy hakynda aýdylýandygyny nygtasym gelýär. Urşy biz başladyk diýen pikiri öňe sürmek ýalan, raportda beýle zat öňe sürlenok, üstesine raportda urşuň awgustyň 7-ne ýa-da 8-ne başlanandygy hem aýdylanok, ýöne harby prowokasiýa has öň taýýarlanypdy.» diýip, Gürjüstanyň döwlet ministri aýtdy.

“Iki tarapyň hem dahyly bar”

Raportda ýaragly konflikte baş goşanlykda iki tarapyň hem dahylynyň bardygy beýan edilýär.

Onda şeýle sözler bar: «7-nji awgustdan 8-nji awgusta geçilýän gije Gürjüstanyň ýaragly güýçleriniň Shinwala hüjümi Gürjüstanda uly möçberde ýaragly konfliktiň döremegine sebäp boldy.» Dokumetde bu waka ýaramaz tendensiýanyň we prowokasion hadysalaryň artmagynda esasy pursat hökmünde agzalýar.

Urşuň sebäpkärlerini anyklamakda raportda deňagramlylygy saklamaga ýykgyn edilipdir, şonuň ýaly-da Gürjüstanyň taryhy, etniki we syýasy taýdan çylşyrymly ýagdaýyna-da üns berlipdir. Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Salome Samadaşwili Brusseldäki metbugat konferensiýasynda Orsýetiň halkara normalaryny hem standartlaryny bozanlygyna ünsi çekdi.
XS
SM
MD
LG