Sepleriň elýeterliligi

Şu günler Polşanyň paýtagty Warşawada ÝHHG-niň Ynsan ölçeginiň berjaý edilişi boýunça maslahaty geçýär.

28-nji sentýabrda açylan bu çäre iki hepdeläp dowam eder. ÝHHG-niň resmi maglumatlaryna görä, hökümet wekillerinden, ekspertlerden we adam hukuklaryny goraýjylardan müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilýän bu duşuşykda döwletleriň öz boýnuna alan halkara borçlaryny iş ýüzünde ýerine ýetirişleri maslahat ediler we bu ugurdan öňe tarap ädilen ädimlere baha berler.

Gozgalýan meseleler

ÝHHG-niň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça Institutynyň metbugat wekili Jens Eşenbeheriň sözlerine görä, maslahatyň dowamynda ynsan ölçeginiň dürli taraplaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Duşuşyklarda ÝHHG agza döwletler tarapyndan öz üstüne alnan borçlaryň, ýagny olaryň adam hukuklaryny, demokratiýany we kanunlary berjaý edişlerine garalýar.

“Iş sessiýalaryna gatnaşýan hökümet resmilerine we graždan jemgyýetçiligine degişli halkara guramalara özlerini gyzyklandyrýan we alada goýýan islendik meseläni gozgamaga erkinlik berilýär. Olar hem umumy häsiýete hem-de aýrybaşga döwletlere degişli bolup biler” diýip, Jens Eşenbeher aýtdy.

ÝHHG-niň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, ynsan hukuklarynyň dürli ýurtlardaky ýagdaýyna hem hökümetler hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan berlen maglumatlar esasynda garalar. Emma Türkmenistana gezek gelende, maslahatyň iş sessiýasynyň ilkinji günlerinde belli bir zat aýtmakdan entek irdigini ÝHHG-niň wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistandaky ýagdaýlar

Öz nobatynda käbir habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda, ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda Türkmenistandaky ýagdaýlara ynsan hukuklaryny goraýjylaryň we türkmen oppozisiýasynyň ünsi çekenligi, şeýle-de ÝHHG agza döwletleriñ käbir resmi wekilleri tarapyndan hem üns berlenligi aýdyldy.

Nemets tolkunynyň maglumatyna görä, çykyş edenler Türkmenistanda bir partiýalylyk sistemasynyň dowam etmegi, 2002-nji ýylyň noýabr aýyndaky wakalar bilen baglylykda tussag edilenleriň ykbaly, raýatlaryň din we hereket azatlyklarynyň depelenmegi we raýatlara açyk-aýdyň bolmadyk sud arkaly iş kesilmegi bilen bagly problemalary gozgadylar.

ÝHHG -niň Ynsan ölçeginiň berjaý edilişi boýunça maslahatyna gatnaşýan “Türkmen Helsinki Fondunyň” wekili Annadurdy Hajyýew Türkmenistanyň hökümeti reformalary yglan edýän hem bolsa, iş ýüzünde takyk çäreleri görmeýänliginiň alada döredýänligini aýtdy.

“Türkmenistanyň hökümeti ozalky repressiw režime baha bermän gelýär. Bu bolsa türkmen häkimiýetleriniň Nyýazow döwründäki eden-etdilikler bilen sessiz ylalaşyp, makullaýanlygyny aňladýar. Hut şu mesele babatynda beýleki halkara guramalar tarapyndan hem aladalanma bildirildi” diýip, A.Hajyýew belledi.

Annadurdy Hajyýew öz çykyşynda, hususan-da, türkmen türmelerindäki gynamalar, O.Myradowanyň türmedäki ölümi, Gulgeldi Annanyýazowyň, Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň sud işleriniň aýdyňsyzlygy, 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilenleriň ykbalynyň nämälimligi, şeýle-de Türkmenistanda žurnalistere, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna basyş edilmegi we olaryň telefonlarynyň häkimiýetler tarapyndan diňlenilmegi ýaly meseleleri gozganlygyny mälim etdi.

Maslahatlaryň ähmiýeti

ÝHHG -niň wekili Jens Eşenbeher ÝHHG-niň Ynsan ölçeginiň berjaý edilişi boýunça ýyllyk maslahatlarynyň ähmiýetini nygtap, bu çäräniň hökümetlere we hökümete degişli bolmadyk guramalara ýurtda bar bolan problemalary bilelikde çözmek üçin mümkinçilik berýänligini aýtdy.

“Bu ÝHHG-niň ynsan hukuklary boýunça iň möhüm duşuşygydyr. Onuň köptaraplaýyn ähmiýeti bar. Birinjiden, bu hökümet resmilerine we graždan jemgyýetçiligine ynsan hukuklaryna ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Ikinjiden, bu hökümete degişli bolmadyk guramalar üçin öz ýurtlaryndaky problemalaryň üstüni açyp, hökümetleri bilen dialogy ýola goýmaga örän gowy pursat bolup durýar. Sebäbi ýurtlaryň içinde şeýle dialogy ýola goýmak aňsat däl” diýip, ÝHHG-niň Demokratiýa we Ynsan hukuklary boýunça Institutynyň metbugat wekili Jens Eşenbeher aýtdy.

Öz nobatynda Annadurdy Hajyýew maslahata Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň resmi toparlarynyň adam sany taýdan giň düzümde gatnaşýanlygyny we taraplar arasynda tankytlara ýol berlip, aktiw diskussiýalaryň gidýänligini belledi. Emma, Hajyýewiň sözlerine görä, ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda Türkmenistanyň resmi toparynyň orny, adatdakysy ýaly, bu sapar hem häzirlikçe boş dur.
XS
SM
MD
LG