Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG Eýranyň «açyklaşýandygyny» aýdýar


Halkara atom energiýasy gullugynyň başlygy Muhammet El Baradeý Eýranyň öz ýadro programmasy babatdaky halkara dawada «hyzmatdaşlygy we açyklygy» artdyrmasyna gowy baha berdi.

Ol düýn Tähranda ýurt baştutanlary bilen HAEG-niň Eýranyň täze üsti açylan uran baýlaşdyryjy zawodyny 25-nji oktýabrda barlamagy barada ylalaşyga gelenden soň çykyp gürledi.
El Baradeý häzirki pursat örän aýgytly, sebäbi bu ýerde Eýranyň Günbatar bilen gapma-garşylygyndan hyzmatdaşlyga tarap ädim ädildi diýdi.

Ýöne ol Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek niýeti barada şindem käbir aladalaryň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG