Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Diplomat BMG owgan saýlawlary baradaky tankydy bogdy diýýär


Owganystandaky wezipesinden boşadylan amerikan diplomaty BMG-niň awgustdaky prezident saýlawlarynda bolan galplyklara diňe göz ýumman, eýsem özüne bu barada ýuwaş bol diendigini ýazýar.

BMG-niň Owganystandaky ýörite wekili Keý Aýdiň öňki orunbasary Piter Galbraýt şenbe günündäki «Waşington postda» çykyş etdi.

Ol BMG-niň özüniň işden boşadylmagy baradaky beýanatda BMG-niň missiýasynyň owgan saýlawlaryndaky galplyga nähili çemeleşmelidigi baradaky jedele salgylanmagy wada berendigini aýdýar.

Muňa derek, onuň aýtmagyna görä, BMG-niň resmileri onuň işden boşadylmagynyň «missiýanyň bähbidinedigini» yglan edipdirler we Galbraýtyň öz uzak wagtlyk dosty Aýd bilen oňuşmandygy barada gep ýaýradypdyrlar.

Ol saýlawda prezident Hamit Karzaýyň sesleriň köpüsini alandygy aýdylýar, ýöne bu netije entek formal görnüşde yglan edilenok.
XS
SM
MD
LG