Sepleriň elýeterliligi

Moskwada 1993-nji ýylyň wakalary ýatlandy


Ýüzlerçe kommunist we oppozisiýa tarapdary 1993-nji ýylyň oktýabrynda şol wagtky prezident Boris Elsiniň parlamenti oka tutdurmagy netijesinde ölen adamlary ýatlap, Moskwada ýöriş geçirdi.

Ýörişe gatnaşyjylaryň ellerinde gyzyl baýdaklar we 1993-nji ýylyň 3-nji we 4-nji oktýabrynda öldürilen 100-den gowrak adamyň portretleri bardy.

Ýöriş Orsýetiň Ak tamynyň, parlament binasynyň arkasynda soňlandy.

Şonda garşy durujylaryň liderleri Ýelsiniň parlamenti dargytmak hakynda buýrugyna tabyn bolman, parlamentiň binasynyň içinde özlerine barrikada gurupdylar.
XS
SM
MD
LG