Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde polisiýa işgärlerine hüjüm edildi


Orsýetiň günortasyndaky Demirgazyk Kawkaz respublikalarynda aýry-aýry hüjümlerde bir polis öldürildi, ikisi ýaralandy.

Häkimiýetler Çeçenistanyň paýtagty Groznyda şenbe güni giçlik işden gelýän polis işgäriniň atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Goňşy Inguşystanda bolsa, iki polis işgäri hassahana ýerleşdirildi. Olar ulaglaryna münende, maşyna berkidilen bomba partlapdyr.
XS
SM
MD
LG