Sepleriň elýeterliligi

Garyşyk uniwersiteti tankytlan ruhany işden aýryldy


Saud Arabystanynyň patşasy Abdylla dini alymlaryň täze açylan uniwersitetde erkeklere hem aýallara has köp gözegçilik etmegini talap eden baş ruhanyny işden aýyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki SPA habarlar gullugy patşanyň Şeýh Saad al-Şisri dini alymlaryň ýokary geňeşiniň agzalygyndan boşadandygyny ýazýar.

Habarlar gullugy bu kararyň sebäbini görkezmeýär. Ýöne Şeýh Saad alymlar patşa Abdylla adyndaky ylym we tehnologiýa uniwersitetinde «ewolýusiýa» ýaly ýat idelogiýalaryň öňüni almak üçin okadylýan sapaklara berk gözegçilik etmeli dienden soň öz wezipesinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG