Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň kabinet ministri Britaniýa saparyny goýbolsun etdi


Düýn Ysraýylyň ministrler kabinetiniň agzasy Moşe Ýalon özüniň tüssag edilmek howpy bilen baglanyşykly Britaniýa saparyny goýbolsun edipdir. Bu barada Moşe Ýalonyň metbugat sekretary habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler jenap Ýalony 2002-nji ýylda Namas toparynyň söweşjen liderine garşy gurnalan hüjüme dahyllylykda aýyplaýarlar. Şol gürrüňi edilýän hüjümde Hamasyň söweşjeň lideri bilen birlikde birnäçe çaga hem ölüpdi.

Moşe Ýalonyň metbugat sekretary onuň Britaniýa sapar eden halatynda, jenap Ýalonyň tussag edilmeginiň talap edilmeginden ätiýaç edilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG