Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş sekretary Päkistandaky hüjümi ýazgardy


Birleşen Milletler guramasynyň Baş Sekretary Ban Ki Mun BMG-niň Päkistandaky azyk agentligine edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Dünýä Azyk programmasynyň Yslamabat şäherindäki edarasynyň golaýynda düýnki amala aşyrylan bomba partlamasynda azyndan dört adamyň ölendigi barada maglumat alyndy. Ýurduň polisiýasy ölenlerden üçüsiniň BMG-niň Azyk programmasynyň işgärleridiklerini aýdýar.

Bu wakanyň yzy bilen Birleşen Milletler guramasy özüniň Pakistandaky bu edarasyny wagtlaýynça ýapdy.
XS
SM
MD
LG