Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň prezidenti Gazagystana barar



Hepdäniň sişenbe güni Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi Gazagystana sapar etmekligi planlaşdyrýar. Onuň ýolbaşçylygynda Fransiýanyň uly biznes topary hem Gazagystana barar.

Fransiýanyň prezident administrasiýasy bu saparyň dowamynda Fransiýa bilen Gazagystanyň nebit we gaz, sputnik tehnologiýasy we harby hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekmeklerine garaşylýandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, Fransuz tarapy Gazagystanyň territoriýasyny Owganystandaky harby operasiýalar üçin tranzit nokady hökmünde ulanmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG