Sepleriň elýeterliligi

Duşanbede Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi gurlar



Täjigistanyň resmileri ýurduň paýtagty Duşenbede gurlup başlanan täze metjidiň Merkezi Aziýa regionynda iň uly metjit boljakdygyny aýdýarlar.

Täjigistanyň döwlet telewideniýesi öz içine 150 müň adamy ýerleşdirjek bu uly metjidiň gurluşygynyň Kataryň maliýeleşdirmeginde amala aşyryljakdygyny habar berýär.

Maglumata görä, 2014-nji ýylda gurlup gutarylmagy göz öňünde tutulýan bu metjit şu çaka çenli regionda iň uly metjit diýlip hasaplanylyp gelnen Aşgabadyň Gypjak obasyndaky «Türkmenbaşy» metjidinden hem uly bolar.
XS
SM
MD
LG