Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Türkmen häkimiýetleriniň kararyna nägilelik bildirdi


Amerikanyň Birleşen Ştatlary daşary ýurtlarda okaýan we okamak isleýän ýaşlara Türkmenistanyň häkimiýetleriniň girizen soňky çäklendirmelerine nägilelik bildirdi.

Hususan-da, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmileri «Frans-Press» we «Assoşieýted-Press» habar agentliklerine beren interwýularynda, Amerikanyň ýörite programmalary boýunça Bişkekde we Bolgariýada okaýan studentleriň geçen hepde Türkmenistandan çykmaklaryna ýol berilmändigini aýtdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Inisiatiwasy topary hem öz ýaýradan beýanatynda, 3-nji oktýabrda Bolgariýadaky amerikan uniwersitetlerine ýörite programma boýunça okamaga barýan ýaşlardan 65-siniň Aşgabadyň aeroportunda uçardan düşürlendiklerini habar berdi.

Türkmen Inisiatiwasy topary bu maglumatyň şol student ýaşlaryň özlerinden alnandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG