Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indi türkmen gazy Orsýete akarmy?


Narodetski: "Enjamlaryň döwülmegi taraplaryň ikisi üçin-de birek-biregiň üstüne günä ýüklemäge esas bolup hyzmat etdi."
Narodetski: "Enjamlaryň döwülmegi taraplaryň ikisi üçin-de birek-biregiň üstüne günä ýüklemäge esas bolup hyzmat etdi."

Iň bärkisi geljek ýyla çenli türkmen gazynyň Orsýete akmajakdygyny Orsýet metbugaty, hususan-da, “Wedomosti” gazeti habar berdi. Bu bolsa, gaz akdyrmakdaky mejbury arakesmäniň dokuz aýlyk serhedi geçjekdigini aňladýar.

Turbada bolan partlama sebäpli şu ýylyň aprel aýynyň başynda Orsýete gaz akmasy kesilipdi. Orsýet öňden ylalaşylan bahadan töleg etmegiň hötdesinden gelip bilmedi. Enjamlaryň döwülmegi taraplaryň ikisi üçin-de birek-biregiň üstüne günä ýüklemäge esas bolup hyzmat etdi.

Ýokary derejelerde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar konfliktiň çözgüdini ýakynlaşdyryp bilmedi. Mundanam başga türkmen gazyny Orsýete akdyryp başlamagyň planlary ýa-da ony ýene yza tesdirmek barasynda-da taraplar dil ýarmaýarlar.

Aşgabat bilen Moskwa ynanýarmyka?

Gazyň akyp başlajagyna Aşgabat bilen Moskwa ynanýarmyka? Belki-de, aradaky gapma-garşylyk şeýle bir derejä ýetip, ony aradan aýyrmaga taraplaryň güýji ýetýän däldir? Häzirki dowam edýän ýagdaý, belki, taraplaryň haýsam bolsa biri üçin bähbitlidir?

Orsýet dartgynlylygy güýçlendirmek islemeýär,ony aram bir ýagdaýda saklamaga çalyşýar. Türkmenistan bilen gol çekişen uzak möhletli, bahasy kesgitlenen gaz ylalaşygyndan yza tesmesini, yza çekilmesini düşündirmek Moskwa ýeňil düşmeýän bolsa gerek.

Orsýet şol şertnamalary halkara ykdysady krizisinden öň baglaşypdy. Ol döwür bahalaryň pese gaçjagyny, gaza bolan islegiň aşaklajagyny bilýän ýokdy. Şu günki gün köne, krizisden öňki bahadan türkmen gazyny satyn almak Moskwa üçin gymmada düşmese gerek.

Ýöne türkmen tarapy indi eglişige gitmek islemeýär, çünki tutuş türkmen gazyny satyn almak teklibi Orsýetden çykypdy. Orsýet öz gezeginde regionyň gaz bazaryny öz elinde saklap, ony isledigiçe dolandyrmak isleýärdi. Ýöne ýagdaý erbet tarapa özgerdi. Orsýet metbugatynyň boýun alşy ýaly, “Gazprom” häzir agyr maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär, gymmat bahaly syýasy aksiýalar üçin goşmaça pul onda şu günki gün ýok.

Täzeliklerde habar berlişine görä, Orsýet türkmen gazyny haçan alyp başlarka diýip, türkmen tarapy gol gowşuryp oturmakçy däl.

Resmi planlar

Resmi planlara görä, 15-nji dekabrda boljak wakalara syn edip göreli. Şol gün Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz turbasynyň açylyş dabarasy bolar. Alyjy hem satyjy - Türkmenistan bilen Hytaý akdyrylýan mawy ýangyjy ýylda 40 milliard kubometre ýetirmekçi.

Şol bir wagtda Eýranam Türkmenistandan alýan gazyny 40 prosente çenli artdyrmak isleýändigini mälim etdi. Iki sany real gaz partnýorynyň peýda bolmagy türkmen ýolbaşçylary üçin Moskwanyň pozisiýasyndan has garaşsyz bolmaga ryçag bolup hyzmat eder. Eger Hazaryň statusy boýunça ylalaşyga gelmäge Azerbeýjany yrmak türkmen tarapyna başartsa, onda üçünji bir güýçli partnýor gazanmaga hakyky mümkinçilik döreýär. Ol “Nabukko” gaz turba ideýasy bolan Ýewropa Bileleşigidir.

Eger syýasy kontekstde gürrüň edilse, Orsýet bilen konfliktden Türkmenistan özi üçin juda bähbitli ýagdaýa eýe bolmazmy? Indi oňa Moskwa garaşly, Orsýetiň bähbitlerine hyzmat edýän oýnatgy däl-de, deň hukukly, garaşsyz hyzmatdaş hökmünde garaýarlar.

Moskwa bilen aradaky dartgynlylygyň özüni köp zatdan azat edýändigini, “uly doganynyň” öňünde boýun egmez ýaly, deň derejede öz pikirini aýdyp, öz bähbitlerini gorar ýaly mümkinçilik berýändigini Aşgabat duýýarmyka?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG