Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklary proýekti tanyşdyryldy


2-nji oktýabrda Ýewropa Bileleşigi, BMG-nıň Ösüş programmasy we Ynsan hukuklary boýunça baş komissarynyň edarasy “Türkmenistanyň ynsan hukuklaryny goldamak we ýardam bermek boýunça potensialyny berkitmek” atly proýektiniň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdiler.

Bu çärä Türkmenistanyň ynsan hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirişini üpjün etmek üçin edaralar arasyndaky komissiýa wekilleriniň, diplomatik missiýalaryň wekilleriniň we halkara guramalaryň agzalarynyň gatnaşanlygy Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdyldy.

TDH gullugynyň habaryna görä, proýekt Türkmenistanyň döwlet işgärleriniň, şol sanda kanuny goraýjy edaralarynyň ynsan hukuklarynyň ähli taraplary barada bilim derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär.

Köpden bäri alada bildirilýär

Öz nobatynda ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň ynsan hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirişinde uly kemçilikleriň bardydygyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýärler.

“Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň” ýakyn günlerde çap eden beýannamasynda Türkmenistanda, hususan-da, hereket azatlygynyň çäklendirilýänligi we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýurda barmagyna ýol berilmeýänligi bellendi.

“Aşgabada daşary ýurt diplomatlary we biznes wekilleri has köp baryp başlan hem bolsalar, türkmen häkimiýetleri ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň ýurda baryp, ýagdaýlara baha bermegine rugsat bermeýärler” diýip, “Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň” hatynda bellenildi.

Açyk-aýdyň sud, metbugat azatlygy, informasiýa elýterliligi ýaly raýat azatlyklaryny Tükmenistanyň berjaý etmeýänligini bellemek bilen “Norwegiýanyň Helsinki Komiteti” “Türkmenistan bilen diplomatik we biznes gatnaşyklary berkitmeklik ýurduň ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýynyň gowulanmagyna getirmeýär” diýip ýazýar.

Beýannamada türkmen häkimiýetleri bilen iş alyp barýan hökümetler we biznes wekilleri diňe bir biznes bähbitleri bilen çäklenmän, Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ýurduň ilatynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin peýdalanmaga çagyrylýar. Şeýle çagyryşlar BMG-ä we Ýewropa Bileleşigine hem edildi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň Türkmenistana goýberilmegi üçin çäre görmek çagyryşy bilen “Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň” ýaýradan bu beýannamasyna Human Rights Watch, Crude Accountability, Halkara Krizis topary, Açyk jemgyýet instituty, Memorial guramasy, Transparency International we ýene ençeme iri halkara guramalar gol goýdular.

Warşawada gozgaldy


Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy 28-nji sentýabrda Warşawada açylyp, iki hepdeläp dowam edýän ÝHHG-niň Ynsan ölçegi boýunça konferensiýasynda hem köp üns berlen meseleleriň biri bolanlygy habar berildi.

Warşawadaky duşuşyga gatnaşan Memorial guramasynyň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarewyň sözlerine görä, Türkmenistan dünýäde ynsan hukuklarynyň gödek depelenmegi we grajdan azatlyklarynyň çäklendirilmegi bilen bagly çykyşlaryň köpüsinde agzaldy.

Witaliý Ponomarewiň sözlerine görä, Warşawadaky maslahata Türkmenistanyň resmi topary gatnaşmady. Olaryň maslahata gatnaşmakdan boýun gaçyrmagynyň sebäbi, ÝHHG-niň ynsan ölçegi boýunça maslahatyna “türkmen häkimiýetleriniň “terrorçylar” diýip atlandyran şahslarynyň akkreditasiýa edilenligi bilen düşündirildi” diýip, Ponomarew aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de ÝHHG-niň ynsan hukuklary boýunça iň uly çäresi bolan Ynsan ölçegi boýunça ýyllyk maslahatynda ýurtlaryň resmi wekilleri we hökümete degişli bolmadyk toparlar arasynda ynsan hukuklaryna degişli problemalary gozgap, dialogy ýola goýmak maksady göz öünde tutulýar. Bu barada radiomyza ÝHHG-niň Demokratiýa we ynsan hukuklary boýunça institutynyň metbugat wekili Jens Eşenbeher aýtdy.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi, BMG, ÝHHG ýaly halkara guramlar bilen ynsan hukuklary ugrunda işleşmäge islegini mälim edýärkä, geçirilýän halkara çärelere gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy nämäni aňladýar?

Witaliý Ponomarew, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we BMG bilen ynsan hukuklary ugrunda alyp barýan bilelikdäki işleriniň esasan Türkemenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirişi boýunça halkara derejesinde hasabat bermek prosesini ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi.

TDH gullugynyň Ýewropa Bileleşiginiň teklip eden täze proýekti barada ýaýradan maglumatynda bu proýektiň türkmen hökümetiniň BMG bilen bilelikde amala aşyran proýektiniň dowamy bolup durýanlygyny ýazdy. Ozalky proýekt ýurduň halkara borçlaryny berjaý edişi boýunça milli hasabatlary taýýarlamakda Turkmenistana ýardam bermek maksadyny göz öňünde tutdy diýip, TDH ýazýar.

Çynlakaý üns talap edýär


Witaliý Ponomarewiň pikirine görä, ýurtda ynsan hukuklary boýunça hakyky özgerişleriň bolmagy meselä halkara derejesinde çynlakaý üns berilmegini talap edýär.

“Türkmenistandaky ýagdaýlara Günbatar syýasatçylary belli bir derejede kembaha garaýarlar diýip, pikir edýärin. Olaryň reformalaryň ýurduň içinden başlanmagyna garaşýan bolmagy ähtimal. Emma ýurt örän köp wagtlap uzňelikde saklandy, Türkmenistanda häzir kararlary kabul edýän adamlar hem daşky dünýäden we pikir alyşmakdan üzňelikde galypdy. Şeýlelikde olarda häzir syýasy-ykdysady sistemany özgertmek boýunça stimulyň we takyk garaýyşlaryň bardygyna garaşmak kyn” diýip, W.Ponomarew aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýet çalşansoň, içerki syýasatda belli bir maýyllyk peýda bolan hem bolsa, ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýyň soňky wagtda ýene ýaramazlyga tarap öwrülenligini ynsan hukuklaryny goraýjylar belleýärler.

“Ýapyk sud tejribesi öňküsi ýaly dowam etdirilýär. Adamlara kanun esasynda däl-de, häkimiýetleriň syýasy görkezmeleri esasynda iş kesilýär. Bu ýerde Gulgeldi Annaniýazowyň işi bilen birlikde ýene birnäçe adamlaryň işini mysal hökmünde getirmek mümkin. Meselem, Mary welaýatyndan aktiwist Baýramowa geçen ýylyň aýagynda Mejlis saýlawlaryna öz kandidaturasyny hödürlemäge synanyşansoň, iş kesildi we häzir ol 4 ýyllyk türme tussaglygynda ” diýip, Memorial guramasynyň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew aýtdy.

W.Ponomarewyň bellemegine görä, ynsan hukuklaryna köpçüligiň ünsüni çekmegiň ähmiýeti gitdigiçe artýar, halkara jemgyýetçiligi we, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Türkmenistan bilen alnyp barylýan gepleşiklerde meseläniň iň ýokary derejede gozgalmagy zerur.
XS
SM
MD
LG