Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Inguş lideri garyplyk we jenaýat üçin hökümeti dargytdy


Inguşystanyň prezidenti Ýunusbek Ewkurow ýurduň ministrler kabinetiniň sebitde zorlugy köpeldýän garyplygy azaltmagyň hötdesinden gelmändigini aýdyp, öz hökümetini dargytdy.

Inguşystanda awgust aýynda polisiýanyň edarasynyň agzynda partladylan ýük maşyny 25 adamyň başyna etip, 136 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolupdy.

Prezidentiň sözçüsi Kaloý Akilgow Ýewkurowyň öz hökümetini respublikanyň sosial we ykdysady problemalaryny çözüp bilmänligi üçin dargydandygyny aýtdy.

Ýewkurowyň özi hem iýun aýynda bolan kast ediş hüjüminde agyr ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG