Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbeýjan iki liwanlyyny tussag etdi


Azerbeýjan sudy Bakuwdaky ysraýyl hem amerikan ilçihanalaryna hüjüm etmegi planlaşdyrmakda günäläp, iki liwanlyny 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle-de suduň sözçüsi Aly Karaki bilen Aly Najmeddiniň ýurduň demirgazygyndaky Gabala raketa-gözegçilik radar stansiýasyna hüjüm etjek bolmakda günäli tapylandygyny aýtdy.

Azeri raýatlarynyň dördüsi 15-12 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi. Aklawçylar geňeşi bu hökümleri subutnamanyň ýeterlik däldigi üçin tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG