Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG saýlawlarda boldy diýilýän galplyga şübhe bildirýär


BMG-niň sözçüsi BMG-niň Owganystandaky ýörite wekiliniň işden boşadylan orunbasarynyň awgust saýlawlarynda prezident Hamit Karzaýa berlen sesleriň 30 prosentiniň galpdygy barada aýdýanlaryna şübhe bildirdi.

Farhan Hak galplygyň derejesi Saýlaw şikaýat geňeşi tarapyndan kesgitlenmeli zat diýdi.

Ol amerikan diplomaty Piter Galbraýtyň ýekşenbe güni «Waşington post» gazetinde çykan makalasyna reaksiýa bildirýärdi.

Galbraýt geçen hepde saýlawlarda boldy diýilýän galplyga nähili çemeleşmelidigi baradaky dawa sebäpli işden boşadyldy. Ol Karzaýa berildi diýilýän sesleriň 30 prosent töwereginiň galpdygyny ýazdy.
XS
SM
MD
LG