Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa gepleşiklere dolanmak isleýär


Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro ýaraglary programmasy baradaky alty taraply halkara gepleşiklere dolanyp gelmek isleýändigini aýdýar.

Ýöne ol bu meselede özüniň Birleşen Ştatlar bilen planlaşdyran aýratyn gepleşiklerinde progres bolmalydygyny aýdýar.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki Merkezi habarlar gullugy Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-Iliň bu beýanaty Hytaýyň premýer ministri Wen Jiabao bilen duşuşyk mahalynda edendigini ýazýar.

Demirgazyk Koreýa aprel aýynda özüniň Hytaý, Ýaponiýa, Orsýet, Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar bilen alnyp barylýan alty taraply gepleşiklerden çykýandygyny yglan edipdi we maý aýynda öz ikinji ýadro synagyny geçiripdi.

Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýa bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň mümkindigini aýdypdy we Waşingtonyň alty taraply gepleşiklerde progres görmegi umyt edýändigini nygtapdy.
XS
SM
MD
LG