Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türki dilli döwletleriň maslahaty boldy


(sagdan çepe) Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew Nahiçewanda, 2-nji oktýabr, 2009 ý
(sagdan çepe) Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew Nahiçewanda, 2-nji oktýabr, 2009 ý

Azerbeýjanyň döwlet eýeçiligindäki “Azer taj” habar agentliginiň maglumatyna görä, türki dilli döwletleriň 9-njy maslahaty Nahiçewan awtonom respublikasynda bolup geçdi.

Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, sammita gatnaşmaga gelen Türkiýäniň prezidenti Abdylla Güli, gazagystanly we gyrgyzystanly kärdeşleri Nursoltan Nazarbaýewi, Kurmanbek Bakyýewi we Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Hydyr Saparlyýewi gyzgyn garşy aldy.

Türki dilli döwletleriň mundan ozalky sammitleri 1992-nji ýylda Ankarada, 1994-nji ýylda Stambulda, 1995-nji ýylda Bişkekde, 1996-njy ýylda Daşkentde, 1998-nji ýylda Astanada, 2000-nji ýylda Bakuda, 2001-nji ýylda Stambulda, 2006-njy ýylda bolsa, Antaliýada geçirilipdi.

Resmileriň çykyşy

Nahiçewanyň “Düzdag” otelinde sammit başlanmazdan ozal oňa gatnaşýan döwletlerden gelen sungat işgärleri öz konsert programmalary bilen çykyş etdiler.

Başda Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew çykyş etdi. “Türki dilli döwletleriň birleşmegi ugrunda mümkinçilikler bar. Döwletler arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejede. BMG-de, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki halkara guramalarda bu döwletler biri-birini goldap gelýärler. Şeýle-de bu gatnaşyklar we sammitler türki dilli döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşine-de kömek edýär, şoňa görä bir özara fond esaslandyrylmaly» diýip, Alyýew öz çykyşynda durup geçdi.

Ondan soňra Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýew çykyş edip, türki dilli döwletleriň arasyndaky birleşigiň mundan beýlägem ösjegine ynam bildiripdir nygtady. Ol bu döwletleriň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň-da döwrüň talabyna laýyklykda alnyp barylmalygyny nygtapdyr. Nazarbaýew türki dilli döwletleriň arasynda özara Fonduň ýany bilen Ylymlar Akademiýasynyň-da döredilmegini teklip edipdir».

Gyrgyzystanyň prezidenti Bakyýew-de öz çykyşynda türki dilli döwletler deň derejede, deň hukuklylyk esasynda özara meseleleri çözüp bilerler diýdi. Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül türki dilli döwletleriň sammiti, umuman, dünýäde parahatçylyga hyzmat edip gelýär diýip tassyklady.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň wise-premýeri Hydyr Saparlyýew öz gezeginde taryhy, dili we köki owalam bir bolan halklaryň birleşigini beýle duşuşyklaryň mundan beýlägem berkitjegini nygtady.

Saparlyýew türki dilli döwletleriň bu maslahatlarynyň energiýa we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösmeginde-de uly rol oýnap biljegini ýörite belläpdir.

Türkmen ýazyjysynyň garaýşy


Türki dilli döwletleriň maslahaty bilen baglanyşykly biz Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy A.Welsapar, türki dilli döwletleriň bir ýere ýygnanyşyp, diliň we medeniýetiň ösmegi ugrunda alada etmekleri diýseň gowy zat diýip belleýär.

“Sebäbi olaryň taryhy, medeniýeti we köki bir. Medeniýet ýa-da dil babatynda bar bolan problemany ýeke-yekeden däl-de, bileleşip çözmäge synanyşmaly.» diýip, ýazyjy ýörite nygtaýar. Türki dilli döwletleriň arasynda ortak bir elipbiýiň döredilmegi olaryň birek-birege hasam ýakynlaşmagyna itergi berer» diýip, Welsapar aýdýar.

Konferensiýa Özbegistandan wekil gatnaşmandyr. Türkmenistanyň prezidentiniň bu maslahata gatnaşmazlygyna, belki-de, Azerbeýjan bilen Hazar deňzindäki nebit ýataklarynyň üstünde dowam edýän jedel sebäp bolandyr diýen çaklama bar.

Türkmenistandan gelen wekil Saparlyýewiň sözlerine görä, türki dilli döwletleriň maslahaty energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermeli. Ýazyjy Ak Muhammet Welsapar bu iki döwletiň arasynda bar bolan problema halkara arbitraž sudunda çözülse, ol dawanyň ymykly hem müdümi çözüldigi bolar diýýär.

Nahiçewan maslahatynyň soňunda bir rezolýusiýa kabul edilip, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hakynda pikir alşylyp durulsa, munuň, umuman, regionyň parahatçylygyna ýardam berjekdigine ynam bildirilipdir.
XS
SM
MD
LG