Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda matam güni bellendi


1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky ýer titremeden soň.
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky ýer titremeden soň.

6-njy oktýabr Türkmenistanda milli matam güni. Şol gün Türkmenistanyň prezidenti hem hökümet agzalary 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremäniň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlige baryp, gül desselerini goýupdyrlar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gije 9 ball derejesindäki güýçli ýer titreme parahat ukuda ýatan Aşgabady hem onuň töweregindäki obalary sanly sekundda harabalyga öwrüpdi.

Gapyl adamlar kesegiň aşagynda galypdylar, pidalar gaty köpdi. Şol döwür Türkmenistan SSSR-iň düzümindäki ýurtdy. Sowet jemgyýeti urşuň yz ýanyndaky, stalinçilik režimiň iň gazaply döwri daşarky dünýä üçin doly ýapykdy. Aşgabat tebigy betbagtçylygynyň möçberi, onda pida bolan adamlaryň sany köp ýyllaryň dowamynda gizlin döwlet syry bolup galypdy.

Şaýat gürrüň berýär

Türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, 20-nji-30-njy ýyllarda görnükli partiýa we döwlet işgäri Juma Halmyradowyň uly ogly, belki-de, türkmenlerden “SSSR-iň at gazanan lýotçigi” diýen ada ýeke-täk mynasyp bolan Oleg-Oraz Jumaýewiç Halmyradow Aşgabat ýer titrmesinde ilkinji uçarly paýtagtyň depesinden sereden uçar sürüji bolupdyr.

Häzir merhum bolan Oraz aga Azatlyk Radiosyna birnäçe ýyl mundan öň beren interwýusynyň bir ýerinde şeýle diýipdi:

“Betbagçylyk bolanda, men Çärjewdedim. Waka gije boldy ahyryn. Aşgabat bilen aragatnaşyk ýitdi birdenkä. Aeroportuň başlygy: “Häzir serhetçiler habar berdi. Aşgabat wes-weýran bolupdyr” diýdi. Uçarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Uçar sürýänleriň köpüsi orslar hem beýleki milletleriň wekilleridi.

Ilkinji bolup Aşgabada türkmen lýotçigi uçdy. Gije uçanam bolsak, daň atyberende, Aşgabadyň depesine geldik. Tutuş şäher tüsse ýa tozanyň içindedi. Uçarym “Li-2” kysymly ýük samolýotydy. “Düş” diýýän ýok. Şäheriň üstünden gonmak üçin aşaklap barşyma şol tot-tozanyň içinden görünýän metjide hem onuň gümmezine gözüm düşdi. Men şol metjidiň ýanyndaky Krupskaýa adyndaky mekdepde okapdym. Hemme jaý ýykylsa-da, metjit tozanyň depesinden görnüp durdy.

Gonmak üçin aeroportuň üstünden öwrüm etdim. Eý hudaý, tutuş şäher harabalyk bolup ýatyrdy. Meniňki Aşgabada gelen ilkinji samolýot boldy. Gondugam, eli-aýagy, oňurgasy döwlenleri ozaly bilen Buhara, Samarkanda we beýleki ýakyn şäherlere daşap ugradyk.Ýaraly görgülileri ýöredip ýa gymyldadyp bolanok, olary gapylaryň üstünde ýatyryp, samolýota salýardyk. Ine, ykbalyň emri - bu betbagçylyga baran ilkinji uçar türkmeniňki boldy.”

Sanlar we çaklamalar

“Prawda” gazetinde TASS-yň çap eden maglumatynda şeýle diýlipdi: “1948-nji ýylyň 6-njy oktýarbrynda ýerli wagt bilen 2 sagat 17 minutda Türkmenistan SSR-niň Aşgabat şäher etrabynda 9 balla çenli güýçli ýer titredi. Ýerasty sarsgynlar netijesinde Aşgabat şäherinde uly weýrançylyklar boldy, köp ýaşaýyş jaýlary ýykyldy, köp sanly adam pidalary bar”.

Bu sitatany çap eden “Gündogar” internet saýty şeýle ýazýar: “Betbagçylygyň yz ýany çap edilen maglumatlara görä, ýer titremede 40 müň aşgabatly heläk bolupdyr. Soňra syrlaryň üsti biraz açylanda, şol san 110-120 müňe adama ýetdi. Ýöne ol paýtagtyň töweregindäki obalarda bolan pidalary öz içine almaýardy. Bir wersiýa görä, Stalin Aşgabat betbagçylygy barasyndaky maglumaty doly ýapyk saklamaga görkezme beripdir. Ondan esasy maksat - halkara gumanitar guramalaryň, ozaly bilen Halkara Gyzyl Haç guramasynyň wekilleriniň ýurda gelmeginiň öňüni almak bolupdyr”.

Häzirki wagtda pidalaryň resmi sany näçe diýlip görkezilýär? “Ruhnama” atly kitapda S.Nyýazow: “Aşgabadyň 198 müň ýaşaýjysyndan 176 müňi pida boldy” diýip ýazýar. Türkmen sowet ensiklopediýasynda 1939-njy ýylda Aşgabadyň ilat sanynyň 126 635 adamdygy aýdylyp, 1948-nji ýyldaky betbagçylykda onuň gaty azalandygy bellenilipdir, ýöne anyk san berilmändir.

Şeýlelikde şu wagta çenli bu betbagçylygyň pidalarynyň doly hem garaşsyz sany, beýany ýok.
XS
SM
MD
LG