Sepleriň elýeterliligi

Ystambulda howpsuzlyk güýçleri bilen protestçiler çaknyşdylar


Şu gün Halkara Walýuta Fondy we Bütindünýä Bankynyň Ýstambulda geçirilýän ýyllyk sammitine garşy protest gurnaýan topary, polisiýa güýç ulanyp ýygnagyň geçirilýän ýerinden uzaklaşdyrmaga synanyşdy.

Protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky bu çaknyşyk, ýygnagyň geçirilýän jaýynyň birnäçe ýüz metr golaýynda boldy.

Halkyň şol çaknaşyk zerärli etrapy terk edenligi aýdylýar.

Bu ýygnaga dürli ýurtlaryň Merkezi Banklarynyň ýolbaşçylarynyň, Maliýe ministrleriniň, alymlarynyň, Hlkara Walýuta Fonduna we Bütindünýä Bankyna agza ýurtlaryň 1,300 töweregi wekiliniň gatnaşýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG