Sepleriň elýeterliligi

Fransiýaly kompaniýalar Gazagystanda maýa goýarlar


Fransiýa bilen Gazagystanyň arasynda gelnen ylalaşyga görä, Fransiýanyň Total we GDF Suez kompaniýalary, Gazagystanyň Hazarda ýerleşýän Khwalinskoýe gaz ýatagyna maýa goýar.

Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkoziniň Astana edýän saparynyň dowamynda gelnen şol ylalaşyga görä, ady agzalýan iki şirket şol goryň 25 prosentine eýe bolup, ýataga 1 milliard dollar töweregi maýa goýar.

Mälim bolşuna görä, ady agzalýan gaz ýatagyndan 2016-njy ýyldan başlap her ýyl 9 milliard kubmeter gaz öndüriler. Bu gazyň Orsýete eksport edilmegine garaşylýar.

Bu iki ýurduň arasynda gelnen başga bir ylalaşykda bolsa, ady agzalýan şirketlere Gazagystanyň Kaşagan nebit ýataklaryndan yangyç akdyrjak turbanyň gurluşygynda-da orun beriljekdigi aýdylýar.

Şol ylalaşyklarda Fransiýa, Gazagystanyň üsti bilen Owganystana harby işgärlerini we enjamlaryny aşyrmaga-da ýol beriljekdigi aýdylýar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Nikolas Sarkozi bilen bir hatarda, Daşary işler ministri we beýleki ýokary derejeli fransiýaly ýolbaşçylar hem Gazagystana barypdyr.
XS
SM
MD
LG