Sepleriň elýeterliligi

Eýranda üç gazet gadagan edilidi


Habarlardan mälim bolşuna görä, Eýranyň hökümet ýolbaşçylary 3 oppozision gazetini gadagan etdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, media gözegçilik edýän kommissiýa, “Farhang-i-Aşdi, Arman we Tahlil Rooz” atly gazetleriň gadagan edilmegi barada buýruk beripdir.

Bu kararyň sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Bu üç gazetiň Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan saýlanmagyna garşy çykyş edýän toparlar bilen duýgudaşdygy çak edilýär ekeni.
XS
SM
MD
LG