Sepleriň elýeterliligi

Türkmen studentleriniň Bolgariýa gitmäge rugsat edilmezligine reaksiýa bildirilýär


Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy, bu ýurt bilen baglanşygy bolan daşary ýurtlardaky uniwersitetlere türkmen studentleriniň okamaga gitmegine Aşgabadyň böwet bolmaga synanyşýanlygy baradaky habarlary tassyklady.

Ady agzalýan ilçihananyň metbugat wekili Wilýam Stiwens Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Aşgabadyň bu ädiminiň türkmen okuwçylarynyň Türkmen-Amerikan Stipendiýa Programmasy boýunça Merkezi Aziýada ýerleşýan Amerikan Uniwersitetine gitmeginiň gadagan edilmegi baradaky öňki kararynyň dowamy bolup durýanlygyny aýtdy.

Ady agzalýan diplomatyň aýtmagyna görä, Bişekekde ýerleşýän şol uniwersitetiň 51 talyby ýurdy terk etmäge rugsat berilmän soň, Bolgariýada ýerleşýän Amerikan Uniwersitetine kabul edilipdi.

Emma şol studentlere anna we şenbe güni Bolgariýa gitmäge-de rugsat edilmedi.

Bu baradaky maglumat halkara habar beriş serişdelerinde, şol sanda Waşington Post, Nyu Ýork Taýms we CBS News ýaly abyraýly habar çeşmelerinde giňden çap edildi.
XS
SM
MD
LG