Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Aşgabadyň kararyndan nägile


ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň edarasy.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň edarasy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen hepdäniň anna we şenbe günleri Türkmenistandan Bolgariýa gitmekçi bolan 51 student uçardan düşürildi.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky Uniwersitetinde okamak üçin Bişkege gitmek gadagan edilensoň, studentler Birleşen Ştatlaryň Bolgariýadaky uniwersitetinde okamak üçin barýardylar.

“Öz bilimini dowam etdirmek islän studentleriň gidip bilmänligi bizi örän aladalandyrdy we howatyrlanma döretdi” diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William Stiwens aýtdy we studentleriň Bolgariýa gitmegine garşy däldigini türkmen häkimiýetleriniň ençeme sapar mälim edenligini belledi.

“Associated Press” agentligi studentleriň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk temasynyň Geçen aýyň aýagynda G.Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşygynda hem gozgalanlygyny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp ýazdy.

Maglumatda Türkmenistanyň ABŞ-nyň Gyrgyzstandaky uniwersitetinde okaýan studentleriniň şu ýylyň iýul aýyndan bäri goýberilmän gelýänligi, munuň bolsa olary öz okuwyny Uniwersitetiň Bolgariýadaky bölüminde dowam etdirmek mümkinçiliginiň gözlegine çykmaga mejbur edenligi bellenilýär.

“Associated Press” öz nobatynda türkmen häkimiýetleriniň gadagançylygyň sebäpleri barada hiç hili resmi maglumat ýaýratmaýanlygyny ýazýar.

Waka tomusda başlady

Şu ýylyň tomsunda ýurtdan çykmak problemasy bilen daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň köpüsi ýüzbe-ýüz bolupdy. Takyk düşündiriş berilmezden, ýaşlaryň uçarlardan we beýleki ulaglardan köpçülikleýin düşürilenligi aýdylypdy. Serhetçileriň bu meselede ýokardan görkezme berlenligini käbir halatlarda boýun alandyklary habar berlipdi.

Şeýle wakalaryň ýüze çykyp başlamagynyň oňünden we yz ýany türkmen häkimiýetleri tarapyndan ne resmi düşündiriş, ne-de studentleriň daşary ýurtlarda okamagyna degişli resmi düzgünler köpçüligiň dykgatyna ýetirilipdi.

Çagalaryny okuwa ugratmakda kynçylyklary başdan geçiren adamlaryň radiomyza aýtmagyna görä, başda daşary ýurtlarda okaýan ýaşlardan Bilim ministrliginde, häkimlikde we ýurduň Migrasiýa gullugynda bellige durmak talap edilipdir, awgust aýynyň ortalarynda bu düzgün ýeňilleşdirilip, Bilim ministrliginde bellige durmak bilen çäklenildi.

Ýylda ýüz müňden gowrak çaga okuwyny tamamlap, olaryň diňe 5 %-ne ýurduň içinde ýokary bilim bermäge ukyply ýurtda daşary ýurtlarda okatmak ýaşlar üçin bilim almaga ýeke-täk çykalga bolup durýar. Resmi sanlara görä, şu ýyl Türkmenistanda orta mekdebi 115 müň çaga tamamlady. Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna bolsa 4275 adam, ýene-de 1698 adam hem orta hünärmenlik mekdeplerine kabul edildi.

Sebäp näme?


Türkmen hökümeti ýurtda bilimi ösdürmek we raýatlarynyň bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmak niýetini yzygiderli yglan edip gelýär. Emma şeýle beýannmalar edilýärkä studentleriň daşary ýurtlarda okamagyna päsgelçilik berilmegine näme sebäp bolup biler?

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň aýdýan sözleriniň iş ýüzünde edýän hereketlerine ters gelmegi ýaşlaryň kadaly we ideologiýanyň täsirinden azat bilimli bolmagyny türkmen ýolbaşçylarynyň islemeýänligi barada pikir döredýär.

Okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistandan çykmak problemasyna sezewar edilen studentleriň köpüsi ahyrsoňy okaýan ýurtlaryna ugrapdylar. Şeýlelikde şu günki gün esasan ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okaýan studentler ýurtdan goýberilmeýär.

Munuň sebäbiniň Türkmenistan tarapyndan resmi derejede düşündirilmeýänligi dürli çaklamalaryň döremegine getirdi. Käbirleri türkmen häkimiýetleri ýaşlaryň Gyrgyzystanda we Bolgariýada oppozisiýa wekilleri, hökümete degişli bolmadyk guramalar we graždan aktiwistleri bilen duşuşmagyndan howatyrlanýarlar diýýän bolsalar, beýleki synçylar döwlet baştutanynyň howpsuzlyk we serhet gulluklaryna täsiriniň çäklidigini çak edýärler.

Režimiň howpsuzlygy

Merkezi Aziýa boýunça syýasy bilermen Artýom Ulunýan amerikan uniwersitetiniň studentleriniň ýurtdan çykarylmaýanlygynyň sebäplerini Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň öz häkimiýetiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan çäreleri bilen baglanyşdyrdy.

“Studentleriň indi Bolgariýa gitmegine gadagançylyk girizilmegi türkmen ýolbaşçylarynyň studentleriň okajak ýurtlarynda režimiň garşydaşlary we tankytçylary bilen kontakta girmeginden howatyrlanýandyklaryny çak etmäge esas döredýär. Sebäbi Gyrgyzystana awtoritar režimli Merkezi Aziýada azat pikirliligiň ojagy hökmünde garalýar” diýip Ulunýan aýdýar.

Syýasy bilermeniň aýtmagyna görä, Bolgariýada ynsan hukuklaryny goraýjy guramlaryň hereket edýänligi sebäpli türkmen häkimiýetleri bu ýurdy hem öz rezimi üçin howply hasap eden bolmaklary mümkin. “Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurduň içindäki ýagdaýy gözegçilik astynda saklamak üçin aktiw çäre görýänligini bellemek mümkin”.

ABŞ-da we Birleşen Ştatlara degişli uniwersitetlerde okamak isleýänleriň sanynyň soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda barha köpelýänligini “Associated Press” ýazýar.

Maglumata görä, Türkmen ýolbaçylayrnyň ýurdy açmak barada beren wadalaryna garamazdan, amerikan programmalaryna ýazylýan studentler häkimiýetler tarapyndan basyşa sezewar edilýärler.

Türkmenistanda studentleriň ýurduň daşyna ýene çykarylmanlygy bilen bagly tema ABŞ-nyň “Nýu Ýork Taýms”, “Waşington Post” ýaly iri gazetleriniň sahypalarynda, şeýle-de ençeme halkara internet saýtlarynda gozgaldy.
XS
SM
MD
LG