Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan we Eýran barada gürleşildi


Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Goranmak Ministri Robert Geýtsiň arasynda bolan çekişme Owganystan bilen Eýran barada geçdi.
Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Goranmak Ministri Robert Geýtsiň arasynda bolan çekişme Owganystan bilen Eýran barada geçdi.

Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň haýsy ugra gönükdirilmelidigi barada Waşingtonda barýan çekişmeler gitdigiçe artýar.

Jorj Waşington Uniwersitetinde Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Goranmak Ministri Robert Geýtsiň arasynda bolan çekişme-de, esasan Obama adminstrasiýasynyň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan gyssagly meselesi – Owganystan bilen Eýran barada geçdi.

Hanym Klinton Owganystanda maksat - prezident Obamanyň öten mart aýynda aýdyşy ýaly, talyban güýçlerini ýykmak, dargatmak we ýeňmek diýdi. Ýöne, onuň pikiriçe, bu maksada gowuşmak üçin taktikalaryň, strategiýanyň täzeden gözden geçirilmegine zerurlyk döremegi mümkin.

Ýagdaý agyr hem howply

Geýts Obamanyň Owganystanda awgustda geçen saýlawlardan ençeme aý öň bu saýlawdan soň özüniň Owganystanda ozalky alnyp barlan strategiýany gaýtadan ykjam barlajakdygyny bildirendigini aýtdy.

Owganystanyň häzir takmynan 80 prosentinde talyban güýçleriniň bardygy, öten ýyl bu sanyň 72%, 2007-nji ýylda hem 54% bolandygy aýdylyp, bu barada sorag berlende, Geýts Amerikan we NATO güýçleriniň ol ýerdäki başlygy General Mak Khrystalyň ýagdaý agyr hem howply diýenini gaýtalady.

“Dogrusy, biziň, has açygy - biziň ýaranlarymyzyň Owganystana köpräk esger salmak babatynda başarnyksyzdygy zerarly talybanyň işi ol ýerde häzir oňuna” diýip, Geýts aýtdy.
Ol: “Owganystan talybanyň eline düşse, onda “Al-Kaedanyň” öz güýçlerini artdyrmaga, adamlary özüne çekmäge, jihad urşy üçin pul ýygnamaga mümkinçiliginiň artjakdygyna şübhe ýok” diýip Geýts aýtdy.

Hakyky öňegidişlik

Gürrüň Eýrana ýazanda, Klinton “Öten hepde Tähran bilen Ženewada geçirilen gepleşik – duşuşanyňa degdi” diýdi. Onuň garaýşyça, barlagçylara Eýrana barara ýol berilmegi Tähranyň pes derejede baýlaşdyrylan uranyny baýlaşdyrmak üçin Orsýete ibermegi, gepleşikler üçin ýene duşulmagy barada ylalaşyga gelinmegi hakyky öňegidişlik bolup durýar.

“Biziň pikirimizçe, şu üç mesele duşuşanyňa degýär. Ýöne prezidentiň aýdyşy, biziň hem nygtaýşymyz ýaly, bu hemmesi däl. Iş munuň bilen gutaranok. Ýene köp işler edilmeli. Biz ýene köp zatlara garaşýarys” diýip, Klinton aýtdy.

Ýadro ýangyjy, atom stansiýasy diýip, Prezident Mahmud Ahmedinejad täzeden saýlananynda protest geçiren eýranlylar ýatdan çykaýmasyn diýlende, hanym Klinton “Birleşen Ştatlar eýranlylaryň demokratik isleg-arzuwlaryny goldaýandygyny aýdyň malim etdi we mälim edýär” diýdi.

Ol Amerikanyň Eýran baradaky tutumyny onuň Sowuk uruş döwründe Sowet Soýuzyna bolan tutumyna deňedi: “Adam hukuklary bize amerikalydygyz ýaly möhüm. Biz bu ýerde hözürini görýän hukuklarymyzy hemmelere arzuw edýäris. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de amerikan prezidentiniň ors prezidentleri bilen bolan sammitden çykyp gitmeýşi ýaly, biz hem Eýran bilen gürleşmekden boýun gaçyramzok”.
XS
SM
MD
LG