Sepleriň elýeterliligi

Eýran oňyn etapa girendigini aýdýar


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hasan Gaşgawi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hasan Gaşgawi.

Eýran häkimiýetleri özüniň ýadro programmasy barasyndaky soňky gepleşiklerde uly ýeňiş gazanandyklaryny öňe sürýärler.

Ženewadaky gepleşiklerde özleriniň ýadro programmasynyň üns merkezinde durmanlygyny Tähran öňe sürdi. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hasan Gaşgawi öz döwletiniň oňyn etapa girendigini aýdýar.

BMG-niň howpsuzlyk şurasyna hemişelik agza 5+1 döwletleriň resmileri Tähranyň oňynlyga tarap ymtylmagyny we sesini ýumşatmagyny gowy garşyladylar.

BMG-niň ýadro edarasynyň ýolbaşçylygynda taraplar geçen hepde gepleşikler geçirdiler. Şonda jedelli ýadro programmasy hakynda Eýran tarapynyň köpräk aç-açan hereket etmelidigi öňe sürüldi.

Başgaça garaýyşlar

Ýöne ýurduň içinde Eýran resmileri duşuşyk hakynda düýbünden başgaça garaýşy beýan edýärler, olar gepleşiklerde Eýranyň ýeňiş gazanandygyny we parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyna özüniň eýe bolmaga we urany baýlaşdyrmaga hukugynyň ykrar edilendigini aýdýarlar.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň wekili Hasan Gaşgawi 5-nji oktýabrda habarçylara maglumat berip, öz döwletiniň 1-nji oktiýabrda BMG-niň Howpsuzlyk şurasyna hemişelik agza döwletler - ABŞ, Orsýet, Hytaý, Fransiýa we Britaniýa hem-de Germaniýanyň wekilleri bilen maslahatda Tähranyň ozalky pozisýasyndan yza çekilmändigini mälim etdiler.

Berk liniýanyň tarapdary Eýranyň prezidenti M.Ahmadinejad öz döwletiniň ýadro programmasy baradaky işiň ýatyrylandygy hem-de Eýranyň ýadro energiýasyna bar bolan hukugyny Halkara derejesinde seredilmeli mesele hasaplamaýandygyny aýtdy.

Tährana baran Halkara atom energiýasy agentliginiň başlygy Muhammet el-Baradei 4-nji oktýabrdaky çykyşynda Eýranyň gapma-garşylyklardan aç-açanlyga we hyzmatdaşlyga tarap ädim ädýändigini aýtdy.

Gepleşiklerden soňra Günbatar diplomatlary Eýranyň özüne gerekli uranyň daşary ýurtlarda baýlaşdyrylmagyna hem-de Kum şäheriniň golaýyndaky täze ýadro merkezini barlatmaga halkara inspektorlaryna rugsat bermäge taýýardygyny mälim etdiler.

Ýöne Hasan Gaşgawi Ženewada ýurduň ýadro programmasy hakynda däl-de, global meseleler hakynda Tähranyň orta atan teklipleriniň maslahat edilendigini öňe sürdi.

Saýlawlardan soňky krizis

Region boýunça tähranly garaşsyz ekspert Hassan Fethi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Gaşgawi we Eýranyň beýleki resmileriniň Ženewa bilen bagly şeýle çykyşlaryň ýurtda saýlawlardan soňra dörän krizis bilen baglydygyny aýdýar.

Saýlawlardan dört aý geçendigine garamazdan, bir topar eýranlylar Ahmadinejady ýurduň prezidenti hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürýärler. Fethiniň pikiriçe, gepleşiklerde Tähranyň güýçli pozisiýasyndan dänendigi hakynda aýdylmagy Ahmadinejadyň prezidentligini kanunlaşdyrmakdan ybarat.

«Bularyň ählisi, garşy çykýanlaryň seslerini sem etmek üçin alnyp barylýan propaganda» diýip, Fethi aýdýar.

Analitik Fethiniň aýtmagyna görä, Eýran bu meselede wagt utmak isleýär, şol bir wagtyň özünde prezident Ahmadinejad Waşington bilen ylalaşmagy juda isleýär.

«İçerde garşy durýanlaryň sesini bogmaga elleriniň açyk bolmagy üçin bular Obamanyň hökümeti bilen belli bir ylalaşyga ýetilmegini berk isleýärler. Obamanyň özleri bilen iş salyşjagyna göz ýetirseler, bular käbir egilşige-de razy bolarlar, sebäbi olara häkimiýetde galmak esasy mesele» diýip, Fethi aýdýar.

Ženewadaky gepleşikleriň barşynda daşary ýurtlarda okap ýören eýranly studentler we alymlar öz ýaýradan açyk hatlarynda tähran režimi bilen konstruktiw dialogy talap etdiler.

Studentler öz çykyşlaryny režim tarapyndan parahatçylykly protestleriň berk basylyp ýatyrylmagynyň garşysyna gönükdirdiler.
XS
SM
MD
LG